Täzelenişiň hem gülleýşiň baýramy

21 Mart 2024
1002

Allatagalanyň keramatly nazary düşen türkmen topragyna Nowruz geldi. Älem-jahanyň reňki-roýuny täzeleýän baýramçylygy külli musulman halky täzelenişiň, päkligiň, galkynyşyň toýy hökmünde dabaraly belläp geçýär. Kalplary, ruhlary täzeleýän bu baýramçylyk gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar.

Elbetde, ýaz paslynyň gelmegi bilen türkmen ýaýlasy al-ýaşyl çemenzarlyga öwrülýär. Owlak-guzularyň sesi, guşlaryň şirin mukamlary — bularyň ählisi pasyllaryň soltany baharyň gelendigini buşlaýar. Söz ussady Magtymguly Pyragy Nowruzy özüniň «Jahan peýda» diýen goşgusynda şeýle teswirleýär: