Nurana geljegiň bähbidine döwletiň we halkyň bilelikdäki tagallalary

7 Mart 2024
628

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda 22-nji fewralda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň esasy meselesi boldy. Şeýle hem onuň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden maksatnamalaýyn çykyşynda: «Türkmen halky — nusgawy ösüş ýoluny emele getiren, beýik şahsyýetleri dünýä beren halk. Şu ýyl ýurdumyzda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilip geçiler. Beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat bilen, şeýle hem halkymyzyň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanuna hem gol çekdi. Bu başlangyçlary döredijilikli dowam etdirip, biz geljekde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirsek hem maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin» diýip nygtady.