«Arkaç» — halkyň hyzmatynda

21 Mart 2024
703

17-nji martda paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi açyldy. Täze toplum işewürlik durmuşynyň ýene bir işjeň merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler.

Umumy meýdany 4,7 gektara deň bolan çäkde ýerleşýän işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi birnäçe köpugurly desgasy, merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär. Bu desgalar «Ussat» golçur kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan häzirki zaman inženerçilik-tehniki çözgütlere laýyklykda, ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Toplumyň çäginde ýerleşýän 55 müň 377 inedördül metr meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket girýär. Bu ýerde köp sanly dükanlardan başga-da, oýun meýdançalary, kinozallar, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar.