Bag ekmek — bakylyga goşant

21 Mart 2024
536

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty şeýle asylly ýörelgelere esaslanýar. 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Diýarymyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berlip, onuň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp agaç nahallarynyň ekilmegi hem bu hakykatyň aýdyň şöhlelenmesidir.

Ir bilen Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyna gelende, hormatly Prezidentimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de beýleki dabara gatnaşyjylar mähirli garşyladylar. Ýurdumyzyň meşhur artistleriniň, milli saz sungatynyň ussatlarynyň çykyşlary baýramçylyk ýagdaýyny emele getirip, dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi.