Türkmen diplomatiýasynyň syýasy üstünligi

4 Aprel 2024
808

23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasynyň kabul edilendigi baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen diplomatiýasynyň gazanan nobatdaky syýasy ýeňşidir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, bu guramada Türkmenistanyň başlangyjy esasynda resmi taýdan tassyklanan Kararnamalaryň sany 26-a ýetdi. Şolaryň agramly böleginiň bitaraplyk hem parahatçylyk, öňüni alyş diplomatiýasy bilen bagly bolmagy bolsa döwletimiziň bütin adamzadyň we geljek nesilleriň ykbalyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň nusgalyk göreldesini görkezýändigine güwä geçýär. Munuň özi, bir tarapdan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşyndaky: «Häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr» diýen sözleriniň amaly taýdan durmuşa geçirilýändiginiň anyk delili bolsa, beýleki bir tarapdan, Gahryman Arkadagymyzyň Zemin halklaryny parahatçylykly we ynanyşykly ýaşamaga çagyrýan beýik başlangyçlarynyň mynasyp dowamat tapýandygyny görkezýän uly syýasy üstünlikdir. Aslynda, biz milli diplomatiýamyzyň bu ýeňşine Türkmenistany parahatçylyk dörediji, ylalaşdyryjy döwlet hökmünde dünýä tanatmak babatda irginsiz tagalla eden Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda bitiren hyzmatlaryna, öňe süren halkara başlangyçlaryna çäksiz hormat-sarpanyň nyşany hökmünde buýsanmaga haklydyrys.