Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň, daşary döwletleriň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe syýahatçylyk ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan pudaklarynyň biri bolup durýar. Baý taryhy mirasymyzy nazara alanyňda, türkmen topragyny «açyk asmanyň astyndaky täsin muzeý» diýip atlandyryp bolar. Syýahatçylyk, netijeli dynç alyş boýunça dünýä tejribesini öwrenmek hem-de ony işjeň peýdalanmak Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň düzümleriniň kämilleşdirilmegine ýardam edýär. Aýawly saklanýan milli mirasymyzyň özboluşlylygynyň, köp sanly arheologik ýadygärlikleriň, gadymy, antik we orta asyr binagärliginiň ajaýyp nusgalarynyň ýurdumyza dünýäniň syýahatçylyk bazarynda barha möhüm orna eýe bolup, bu ugurda halkara abraýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigini bellemek gerek.