Ýaşulularyň göreldesi doganlyk halklaryň gymmatly ýörelgesidir

21 Mart 2024
611

12-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriji edarasy bolan Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň geçirilmegi bu gurama bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändiginiň aýdyň beýany boldy. Onuň çäklerinde 11-nji martda kiçi düzümdäki duşuşyk hem guraldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri nobatdaky mejlisiň türki döwletleriň arasynda alnyp barylýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, onuň hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça baýlaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de bu babatda pikir-garaýyşlary beýan etmek nukdaýnazaryndan peýdaly boljakdygyny belledi. Soňra mejlisde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym çykyş edip, guramanyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň ilkinji gezek TDG-de synçynyň derejesine eýe bolan döwletde geçirilýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlyk onuň işine saldamly goşant goşýar.