"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Telefon arkaly söhbetdeşlik

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz, ozaly bilen, hut öz adyndan, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan RF-niň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin beren habarynda, döwlet ministriniň «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň şu ýylyň 5 — 8-nji oktýabry aralygynda Bagdat şäherinde gulluk iş saparynda bolandygy bellenilýär. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Yrak Hökümetiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardygyny belledi. Şol gatnaşyklarda energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolar.

Abadan geljek üçin tagallalar Türkmenistan «EKSPO — 2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşýar

Ýaşyl baglar ähli döwürlerde bagtyýar ýaşaýşyň we durmuş dowamatlylygynyň nyşanyna deňelipdir. Daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň bütindünýä derejesinde örboýuna galýan zamanasynda tebigat hakyndaky alada aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýakynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde işe başlan «EKSPO — 2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisi hem ekologiýa abadançylygy bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge we tejribe alyşmaga özboluşly çagyryşdyr. Düýn — 9-njy oktýabrda halkara serginiň çäklerinde Türkmenistanyň milli gününiň aýdym-sazly dabaralara beslenip geçirilmegi ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ugrunda amala aşyrylýan işleri Ýer ýüzüne äşgär etdi. «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» şygary astynda guralýan halkara bagbançylyk sergisi Ýakyn Gündogar sebitinde we gurak klimatly ýurtda geçirilen şeýle çäreleriň ilkinjisidir. Oňa 80-den gowrak ýurda wekilçilik edýän köpsanly guramalardyr kompaniýalar gatnaşýar. Serginiň çäklerinde çölleşmä garşy göreşmek we durnukly oba hojalygyny ösdürmek bilen baglanyşykly innowasion çözgütler görkezilýär. Doha şäheriniň «Al-Bidda» seýilgähiniň çäginde halkara sergi üçin niýetlenen 170 gektara barabar meýdan üç bölege bölünýär. Şolaryň birinjisi dürli ýurtlaryň pawilýonlaryny we baglaryny öz içine alýan Halkara zolakdyr. Maşgala zolagynda myhmanlara işjeň dynç alyş üçin giň mümkinçilikler döredilen bolsa, Med

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasy: dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Şoňa laýyklykda, ýurtlarymyzyň arasynda ýokary derejedäki özara saparlar amala aşyrylyp, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. 7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligiň bolmagy munuň şeýledigini ýene-de bir gezek tassyklady. Döwlet Baştutanymyz, ozaly bilen, hut öz adyndan, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan RF-niň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Nygtalyşy ýaly, Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr. Biziň gatnaşyklarymyz deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar.

Energetika hyzmatdaşlygy — ileri tutulýan ugur

Türkmenistanyň we Yragyň döwlet energetika düzümleri türkmen gazyny ibermek hakynda Ähtnama gol çekdiler Mälim bolşy ýaly, döwlet ministriniň — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 5 — 8-nji oktýabry aralygynda Bagdat şäherinde gulluk iş saparynda bolup, saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani tarapyndan kabul edildi.

Türkmenistan we Täjigistan howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sişenbe güni Aşgabatda Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Niýatbekzoda Wafo bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Täjigistanyň daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar ulag we aragatnaşyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiligine, şeýle hem ýük daşamak bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 7-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz, ozaly bilen, hut öz adyndan, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan RF-niň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň we Yragyň döwlet energetika düzümleri türkmen gazyny ibermek hakynda Ähtnama gol çekdiler

Şunuň bilen bagly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin habarynda, hususan-da, döwlet ministriniň — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň şu ýylyň 5 — 8-nji oktýabry aralygynda Bagdat şäherinde gulluk iş saparynda bolandygy bellenilýär. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Yrak Hökümetiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardygyny belledi. Şol gatnaşyklarda energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolar.

Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretarynyň duşuşygy

6-njy oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda edaranyň başlygy Mergen Gurdowyň Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisiniň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe başlandygy bilen bagly gutlag sözleri aýdyldy. Myhman hem öz gezeginde, «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisindäki Türkmenistanyň pawilýonynyň gurluşyk işleriniň wagtynda tamamlanandygy bilen bagly gutlag sözlerini aýtdy we bu pawilýonyň özboluşly owadanlygy bilen tapawutlanýandygyny belledi.

Ýurdumyzyň wekiliýeti «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisine gatnaşýar

Kataryň paýtagty Dohada «EKSPO — 2023» halkara bagbançylyk sergisi açyldy. «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» atly şygary bilen geçirilýän sergide Türkmenistanyň milli pawilýony hem bar. Açylyş dabarasyna Kataryň Emiri Tamim ibn Hamad Al Tani, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Muhammed ibn Zaid Al Nahaýýan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Jibutiniň Prezidenti Ismail Omar Gelle, Tanzaniýanyň Prezidenti Samiýa Suluhu Hassan, Yragyň hökümet başlygy Muhammed Şia As-Sudani, Ýemeniň hökümet başlygy Main Abdel Malik, Ruandanyň hökümet başlygy Eduar Ngirente we beýleki birnäçe ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden Kataryň hökümet başlygy Muhammed ibn Abdurrahman ibn Jasim Al Sani serginiň durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikdigini aýtdy. Ýeri gelende belläp geçsek, bu halkara sergi 2024-nji ýylyň 28-nji martyna çenli öz işini dowam eder.

Türkmenistan «Kitap Duşenbe — 2023» atly Halkara kitap sergisine gatnaşdy

3 – 5-nji oktýabr aralygynda Duşenbe şäherinde «Kitap Duşenbe — 2023» atly 11-nji Halkara kitap sergisi geçirildi. Serginiň işine Täjigistanda akkreditirlenen diplomatik korpus bilen Türkmenistanyň Ilçihanasy milli öwüşginde bezelen kitap diwarlygy bilen gatnaşdy. Halkara kitap sergisinde Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatyna, şeýle hem döwletiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan kitaplar we neşirler hödürlendi.

Türkmenistan – Azerbaýjan: işewür hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugrunda

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew geçen hepdäniň çarşenbe güni Aşgabatda Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan — Azerbaýjan bilelikdäki Hökümetara toparynyň türkmen tarapynyň başlygy Batyr Atdaýew we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilelikdäki Hökümetara toparyň ýakyn wagtda geçiriljek duşuşygynyň guralmagyny we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiligi barada pikir alyşdylar.

Ählumumy abadançylyga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş sapary bilen bagly wakalar Bitarap Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryny beýan etdi. Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň köpugurlylygy we çylşyrymlylygy her bir döwletiň bütin adamzadyň durnukly ösüşiniň syýasy-ykdysady esaslaryna çuňňur düşünýän daşary syýasatynyň bolmagyny talap edýär. Ählumumy ösüş diýlende bolsa, ilkinji nobatda, adamy jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hasaplaýan syýasy taglymat deslapky şert bolup durýar. Sebäbi jemi içerki önüminiň mukdaryndaky, geografik ýerleşişindäki, senagatyň düzüm gurluşyndaky, medeniýetlerindäki tapawutlyklara garamazdan, ähli döwletleri birleşdirýän umumy görkeziji adam bolmagynda galýar. Adam doglan pursadyndan başlap, ömrüniň tutuş dowamynda oňa asuda jemgyýetde sagdyn

Dostluk ýörelgelerine ygrarlylyk

Türkmenistan dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen dostluk ýörelgeleri esasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-5-nji oktýabrdaky kabul edişlikleriniň mysalynda aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar. 4-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan syýasy dialogynyň okgunly ilerledilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň yzygiderli amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça işjeň gatnaşyklaryň saklanylýandygy nygtaldy.

Gören-eşideniňi aýtsaň...

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary uly mazmuny özünde jemledi Ýola ugrajak bolsaň, barjak ýeriň, görjek iliň hakda hökman gyzyklanýaň. Tutuş Ýewropanyň ýüregi hasaplanýan Germaniýa 357 müň inedördül kilometrden gowrak meýdana ýaýlyp, ýurtda ýaşaýanlaryň sany 85 milliona golaýlaýar. Kenarlaryny Baltika we Demirgazyk deňizleriniň suwy ýuwýan Germaniýa gämi gatnawlary, port ulgamy babatda hem iň ösen döwletleriň biridir. Konstitusion gurluşy babatda özüne kanunçylyk esasynda 16 subýekti — federal ýer böleklerini birleşdirýär. Parlament respublikasy bolup, döwleti Federal Kansler dolandyrýar.

Parahatçylyk, ynanyşmak, ýagty geljek

Ertirki günümiziň abadançylygyny üpjün etmek häzirki döwürde Ýer ýüzünde ýaşaýan milliardlarça ynsany biparh goýmaýan wezipeleriň biridir. Geljegimiziň röwşen keşbi ony gurujylar bolan ýaşlara baglydyr, abadançylygyň ilkinji şerti bolsa parahatçylykdyr. Hut şoňa görä-de, ýurdumyzda ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge hem-de dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. 2-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy hem dürli medeniýetlere, sebitlere wekilçilik edýän ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmäge, parahatçylygy berkitmek, diplomatik ýollar arkaly dawalaryň öňüni almak we çözmek işinde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge bagyşlandy. Döwletimiz ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary, kämilleşmekleri üçin giň şertleri döretmek bilen, ýaş nesliň terbiýesine aýratyn üns berýär. Çünki ýaşlar jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolup, täze taryhy eýýamda olaryň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine itergi berýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony durmuşa

Edebi dostluk — ebedi dostluk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda goňşy ýurtlar bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Garaşsyz Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hem dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we deňhukuklylygyň mizemez ýörelgelerine esaslanýar. Bu gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlykdyr. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda medeni we döredijilik saparlaryny guramak, sungat festiwallarynydyr sergileri, Medeniýet günlerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Her ýyl ýurdumyzyň şahyrlaryndan, žurnalistlerinden, medeniýet işgärlerinden ybarat bolan wekilçilikli topar Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Ak tokaý obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň we atasy Döwletmämmet Azadynyň kümmetlerine zyýarat edýär. 2014-nji ýylda türkmen halkynyň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna bu ýerde birnäçe çäreler geçirildi.

Türkmenistan we Täjigistan howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdylar

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sişenbe güni Aşgabatda Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Niýatbekzoda Wafo bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Täjigistanyň daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar ulag we aragatnaşyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiligine, şeýle hem ýük daşamak bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Çar ýana uzaýan dostluk ýollary

Halkymyzda ýol, köpri gurmak sogap iş hasaplanýar. Ata-babalarymyzyň «Ýol gurduran, köpri gurduran kişiniň alkyş-sogapdan ýüki ýetik bolarmyş» diýen jümlesi hem bu hakykata doly laýyk gelýär. Elbetde, ýol gurmak — mukaddes iş. Biz häzirki wagtda dosta barýan, dünýä ýurtlaryny birleşdirýän ýollary gurmagyň haýyr-sogabynyň näderejede ähmiýetlidigini öz gündelik durmuşymyzda aýdyň görýäris. Şu babatda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol gurmak, dostluk ýollaryny uzaltmak boýunça başlangyçlarynyň bütin dünýäde giňden ykrar edilendigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Täze taryhy döwürde şeýle asylly işler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmegi häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şoňa görä-de, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ulag ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda netijeli çäreler görülýär.

Halkara giňişlikde

Türkmenistanyň mümkinçilikleri — «ADIPEC 2023» sergisinde Türkmenistanyň energetika pudagyna degişli wekiliýet Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen «ADIPEC 2023» halkara nebitgaz sergisine gatnaşdy. Ýurdumyzyň düýn — 5-nji oktýabrda öz işini tamamlan iri gözden geçirilişdäki diwarlygynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy öz mümkinçiliklerini görkezdi.