Çar ýana uzaýan dostluk ýollary

6 Oktýabr 2023
661

Halkymyzda ýol, köpri gurmak sogap iş hasaplanýar. Ata-babalarymyzyň «Ýol gurduran, köpri gurduran kişiniň alkyş-sogapdan ýüki ýetik bolarmyş» diýen jümlesi hem bu hakykata doly laýyk gelýär. Elbetde, ýol gurmak — mukaddes iş. Biz häzirki wagtda dosta barýan, dünýä ýurtlaryny birleşdirýän ýollary gurmagyň haýyr-sogabynyň näderejede ähmiýetlidigini öz gündelik durmuşymyzda aýdyň görýäris. Şu babatda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol gurmak, dostluk ýollaryny uzaltmak boýunça başlangyçlarynyň bütin dünýäde giňden ykrar edilendigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Täze taryhy döwürde şeýle asylly işler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmegi häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şoňa görä-de, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ulag ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda netijeli çäreler görülýär.

Abdulla ABAMOW,
«Türkmendemirýollary» agentliginiň «Türkmendemirýoltaslama» düzüş-agtaryş institutynyň direktorynyň orunbasary, Aşgabat şäher halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary.