Türkmenistan – Azerbaýjan: işewür hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugrunda

8 Oktýabr 2023
657

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew geçen hepdäniň çarşenbe güni Aşgabatda Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan — Azerbaýjan bilelikdäki Hökümetara toparynyň türkmen tarapynyň başlygy Batyr Atdaýew we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilelikdäki Hökümetara toparyň ýakyn wagtda geçiriljek duşuşygynyň guralmagyny we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiligi barada pikir alyşdylar.

Çeşme: mfa.gov.tm
Sahypany görkezilen çeşmeler esasynda taýýarlan: Bägül BERDIÝEWA, «Biznes reklama».