Abadan geljek üçin tagallalar Türkmenistan «EKSPO — 2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşýar

9 Oktýabr 2023
626

Ýaşyl baglar ähli döwürlerde bagtyýar ýaşaýşyň we durmuş dowamatlylygynyň nyşanyna deňelipdir. Daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň bütindünýä derejesinde örboýuna galýan zamanasynda tebigat hakyndaky alada aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýakynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde işe başlan «EKSPO — 2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisi hem ekologiýa abadançylygy bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge we tejribe alyşmaga özboluşly çagyryşdyr. Düýn — 9-njy oktýabrda halkara serginiň çäklerinde Türkmenistanyň milli gününiň aýdym-sazly dabaralara beslenip geçirilmegi ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ugrunda amala aşyrylýan işleri Ýer ýüzüne äşgär etdi.

«Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» şygary astynda guralýan halkara bagbançylyk sergisi Ýakyn Gündogar sebitinde we gurak klimatly ýurtda geçirilen şeýle çäreleriň ilkinjisidir. Oňa 80-den gowrak ýurda wekilçilik edýän köpsanly guramalardyr kompaniýalar gatnaşýar. Serginiň çäklerinde çölleşmä garşy göreşmek we durnukly oba hojalygyny ösdürmek bilen baglanyşykly innowasion çözgütler görkezilýär. Doha şäheriniň «Al-Bidda» seýilgähiniň çäginde halkara sergi üçin niýetlenen 170 gektara barabar meýdan üç bölege bölünýär. Şolaryň birinjisi dürli ýurtlaryň pawilýonlaryny we baglaryny öz içine alýan Halkara zolakdyr. Maşgala zolagynda myhmanlara işjeň dynç alyş üçin giň mümkinçilikler döredilen bolsa, Medeni zolakda baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

Ahmet TÄÇLIÝEW.