Ählumumy abadançylyga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlar

7 Oktýabr 2023
553

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş sapary bilen bagly wakalar Bitarap Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryny beýan etdi.

Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň köpugurlylygy we çylşyrymlylygy her bir döwletiň bütin adamzadyň durnukly ösüşiniň syýasy-ykdysady esaslaryna çuňňur düşünýän daşary syýasatynyň bolmagyny talap edýär. Ählumumy ösüş diýlende bolsa, ilkinji nobatda, adamy jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hasaplaýan syýasy taglymat deslapky şert bolup durýar. Sebäbi jemi içerki önüminiň mukdaryndaky, geografik ýerleşişindäki, senagatyň düzüm gurluşyndaky, medeniýetlerindäki tapawutlyklara garamazdan, ähli döwletleri birleşdirýän umumy görkeziji adam bolmagynda galýar. Adam doglan pursadyndan başlap, ömrüniň tutuş dowamynda oňa asuda jemgyýetde sagdyn ýaşamaga, bilim almaga we zähmet çekmäge, gurmaga, döretmäge mümkinçilik döredilen ýagdaýynda, halkara ulgamda-da parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ählumumy ösüşiň berk binýady döredilýär. Gymmatyny hiç haçan ýitirmejek şu binýatlyk düşünje bu günki gün Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýär.

Esen AÝDOGDYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, taryh ylymlarynyň doktory.