Parahatçylyk, ynanyşmak, ýagty geljek

6 Oktýabr 2023
621

Ertirki günümiziň abadançylygyny üpjün etmek häzirki döwürde Ýer ýüzünde ýaşaýan milliardlarça ynsany biparh goýmaýan wezipeleriň biridir. Geljegimiziň röwşen keşbi ony gurujylar bolan ýaşlara baglydyr, abadançylygyň ilkinji şerti bolsa parahatçylykdyr. Hut şoňa görä-de, ýurdumyzda ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge hem-de dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. 2-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy hem dürli medeniýetlere, sebitlere wekilçilik edýän ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmäge, parahatçylygy berkitmek, diplomatik ýollar arkaly dawalaryň öňüni almak we çözmek işinde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge bagyşlandy.

Döwletimiz ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary, kämilleşmekleri üçin giň şertleri döretmek bilen, ýaş nesliň terbiýesine aýratyn üns berýär. Çünki ýaşlar jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolup, täze taryhy eýýamda olaryň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine itergi berýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» kabul edilmegi ýaş nesil üçin giň şertleri döretmegi hem-de nurana geljegi gurmak üçin beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýän anyk ädimlerdir.

Altyn DURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.