Ýurdumyzyň wekiliýeti «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisine gatnaşýar

8 Oktýabr 2023
544

Kataryň paýtagty Dohada «EKSPO — 2023» halkara bagbançylyk sergisi açyldy. «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» atly şygary bilen geçirilýän sergide Türkmenistanyň milli pawilýony hem bar. Açylyş dabarasyna Kataryň Emiri Tamim ibn Hamad Al Tani, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Muhammed ibn Zaid Al Nahaýýan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Jibutiniň Prezidenti Ismail Omar Gelle, Tanzaniýanyň Prezidenti Samiýa Suluhu Hassan, Yragyň hökümet başlygy Muhammed Şia As-Sudani, Ýemeniň hökümet başlygy Main Abdel Malik, Ruandanyň hökümet başlygy Eduar Ngirente we beýleki birnäçe ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden Kataryň hökümet başlygy Muhammed ibn Abdurrahman ibn Jasim Al Sani serginiň durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikdigini aýtdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu halkara sergi 2024-nji ýylyň 28-nji martyna çenli öz işini dowam eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy.