Dostluk ýörelgelerine ygrarlylyk

6 Oktýabr 2023
682

Türkmenistan dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen dostluk ýörelgeleri esasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-5-nji oktýabrdaky kabul edişlikleriniň mysalynda aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar.

4-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan syýasy dialogynyň okgunly ilerledilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň yzygiderli amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça işjeň gatnaşyklaryň saklanylýandygy nygtaldy.