Gören-eşideniňi aýtsaň...

6 Oktýabr 2023
632

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary uly mazmuny özünde jemledi

Ýola ugrajak bolsaň, barjak ýeriň, görjek iliň hakda hökman gyzyklanýaň. Tutuş Ýewropanyň ýüregi hasaplanýan Germaniýa 357 müň inedördül kilometrden gowrak meýdana ýaýlyp, ýurtda ýaşaýanlaryň sany 85 milliona golaýlaýar. Kenarlaryny Baltika we Demirgazyk deňizleriniň suwy ýuwýan Germaniýa gämi gatnawlary, port ulgamy babatda hem iň ösen döwletleriň biridir. Konstitusion gurluşy babatda özüne kanunçylyk esasynda 16 subýekti — federal ýer böleklerini birleşdirýär. Parlament respublikasy bolup, döwleti Federal Kansler dolandyrýar.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy. Aşgabat — Berlin — Aşgabat.