"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

2022-nji ýylyň dekabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Geçen ýylyň soňky aýy halkara ähmiýetli wakalara baý boldy. Dekabr aýynda geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki duşuşyklar, gepleşikler, maslahatlar Garaşsyz Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Açyk gapylar» syýasatyndan ugur almak bilen, sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Dekabr aýy ähmiýetli waka bilen başlandy. Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklip eden «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

Halkara habarlar

Arkadag şäheriniň aýratynlyklary tanyşdyryldy Golaýda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inženerçilik seýsmologiýasy institutynyň direktory J.Karapetýan bilen duşuşyp, düýpli hem-de amaly meseleleri çözmekde türkmen-ermeni ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Owganystanyň demir ýol müdirliginiň işçiler topary tejribe almak üçin Türkmenabat şäherine geldiler

Owganystanyň demir ýol müdirliginiň 14 işgärinden ybarat wekiliýeti hünär kämilligimi artdyrmak we bu ugurda tejribe almak üçin şenbe güni Türkmenabat şäherine geldi. Owgan demirýolçylary üç aýlyk hünär kämilleşdiriş okuw kurslaryny geçerler. Okuwyň dowamynda işleýän türkmen hünärmenleri öz iş ýerlerinde we önümçilik meýdançalarynda myhmanlary demirýol gatnawlarynyň, infrastruktura desgalarynyň we işgärleriň dolandyrylyşyny gurnamak, dürli tehniki amallary geçirmek we ş.m. bilen tanyşdyrarlar. Okuwlar Owganystanyň demir ýol pudagynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we sebitleýin we halkara ulag taslamalaryna goşulyşmagyna ýardam bermek maksady bilen iki tarapyň ylalaşygy boýunça gurnaldy.

«Microsoft» kompaniýasy «OpenAI»-iň 49 göterimini satyn almak isleýär

«Microsoft» kompaniýasy «ChatGPT» söhbetdeşlik programmasynyň eýesi «OpenAl» kompaniýasyna ABŞ-nyň 10 milliard dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär. «Reuters»-iň beýanatyna görä, taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylsa, «Microsoft» kompaniýasy başlangyç maýa goýumyny yzyna alýança, «OpenAl» kompaniýasynyň girdejisiniň 75 göterimini alar. Şondan soň bolsa «OpenAl»-iň 49 göterim ülşi «Microsoft» kompaniýasyna, ýene 49 göterim ülşi beýleki maýadarlara geçer. Netijede «OpenAl»-iň özüne kompaniýanyň 2 göterim ülşi galar.

Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň türkmen böleginiň gurluşyklary tamamlandy

Türkmenistan 2013-nji ýylda düýbi tutulan Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň türkmen bölegindäki gurluşyklar boýunça borçlaryny ýerine ýetirdi. Bu barada täjik internet çeşmesi habar berdi. Türkmenistan taslamanyň 85 kilometrlik Atamyrat — Ymamnazar bölegini, şeýle hem Akina bilen Andhoýy birleşdirýän 35 kilometrlik demir ýol liniýasyny gurmalydy. Habar berlişi ýaly, Türkmenistan iki taslama boýunça hem borçlaryny ýerine ýetirdi.

Ýüpek ýol hereketi ösýär we sanlaşdyrylýar

2022-nji ýylda Ýewraziýa ulagynda iň durnuksyz ýyllaryň biri bolandygyna garamazdan, Hytaý bilen Ýewropanyň arasynda ýçk gatnawlarynyň mukdary täze sepgitlere ýetdi. Hytaýyň Milli Demirýol Topary Co., Ltd.-iň. Ýanwar aýynyň başynda China National Railway Group Co., Ltd. Iş konferensiýasy tarapyndan ýaýradylan maglumatlara görä, Hytaý-Ýewropa otlylary 2022-nji ýylda 16 000 gatnawy amala aşyrmak bilen, netijede 1,6 million TEU deň bolan ýük daşaldy. Hytaýyň milli demir ýol gullugynyň habaryna görä, bu sanlar 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, degişlilikde 9% we 10% ösüş görkezýär. Hytaýyň “Covid-19” degişlilikde syýasatyny gowşatmagy 2023-nji ýylda “Ýüpek ýoly” boýunça gatnawlary hasam artdyryp biler.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Huawei» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

Mälim bolşy ýaly, 13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda täze taryhy döwürde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutany degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligine ýurduň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde fiksirlenen telefon toruny giňeltmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek hem-de tehniki goldawy bermek barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Huawei Technologies Co., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Soçi bilen Aleksandriýany täze ýolagçy gämi gatnawy birleşdirer

«Astoria Grande» web saýtynda Soçiden (Russiýa) Aleksandriýa (Müsür) aralygyna täze kruiz gämi gatnawynyň ýola goýulýandygy habar berildi. Iki hepdelik amala aşyryljak syýahat Soçi (RF) — Stambul (Türkiýe) — Kuşadasy (Türkiýe) — Aleksandriýa (Müsür) — Izmir (Türkiýe) — Amasra (Türkiýe) — Soçi (RF) gatnaw ugry boýunça ýerine ýetiriler. Bu syýahatlar 2023-nji ýylyň 8-nji aprelinde we 11-nji noýabrynda meýilleşdirilýär. Häzirlikçe bu syýahatlar üçin ýer sargyt edip bolmaýar. Olar babatda web saýtda diňe habarnamalar üçin e-poçta salgysyny goýmak teklip edilýär.

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda täze ädimler

Ýetip gelen täze, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başy syýasy ähmiýetli wakalara beslenip, olarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy, Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi bilen bagly täze taryhy eýýamyň maksatlary öz beýanyny tapdy. Hususan-da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrmagy ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Döwlet Baştutanymyzyň täze ýylda daşary ýurda ilkinji saparynyň 6-njy ýanwarda bellenilen şanly sene - Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelmegi bolsa has-da buýsançly ýagdaýdyr. Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň sapary günlerinde Hytaýyň “Ženmin Žibao” atly merkezi gazeti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady” atly makalasyny çap etdi. Makalada nygtalyşy ýaly, şeýle abraýly hem-de hormatly neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmek mümkinçiligi örän möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň, türkmen-hytaý dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hytaý Türkmenistanyň iň iri ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşydyr. Ýurtlarymyz energetika, ulag, aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy

Sport hyzmatdaşlygy — geljegi uly ugur

Gadymdan gelýän «Ylym öwreniň, eger Hytaýda hem bolsa» diýen jümlede, megerem, ylym-bilim öwrenmek üçin ýollaryň alysynyň-ýakynynyň ýokdugy nygtalýar. Agyr kerwenler menzil aşyp argyşa gitse, ylym-bilimiň muşdaklary olara daklyşyp, alys ülkelerdäki mekdep-medreselere, kitaphanalara ýol salypdyrlar. Häzirki wagtda bolsa ylym-bilim we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da işjeň häsiýete eýedir. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň mysalynda aýdyň göz ýetirdik. Pekin şäherinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde nygtalyşy ýaly, netijeli syýasy dialog, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynda bilim, medeniýet, ylym, sport, saglygy goraýyş meseleleri hem möhüm orun eýeleýär. Hytaý Halk Respublikasy häzirki wagtda diňe ykdysady babatda dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, sport we olimpiýa hereketini wagyz etmekde-de nusgalyk işleri durmuşa geçirýär.

Türkmenistan — Italiýa: dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

11-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrarini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomatyň belleýşi ýaly, okgunly ösýän, oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi Italiýanyň daşary syýasat strategiýasyna hem-de tutuş Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda türkmen-italýan gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryň, düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Muňa durnukly ösüşiň, ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlardyr teklipleriň özara goldanylýandygy hem şaýatlyk edýär.

Türkmenistan — Katar: hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär

11-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al Azbini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri geçen ýyllaryň içinde özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-katar hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmagyň ygtybarly binýadyny emele getirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň dekabrynda Katar Döwletine bolan saparyny ýatlap, onuň dowamynda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Doha şäherinde diplomatik wekilhanasyny açmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi bellenildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder, netijeli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

Türkmenistan — Gyrgyzystan: hormat goýmak, özara bähbitlilik

11-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowy kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we diplomat hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady ulgamda, üstaşyr-ulag düzümlerinde, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde, ylym we bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ugurlarynda iki dostlukly halklaryň abadançylygyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir. Iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki yzygiderli gatnaşyklar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýär.

Dostluk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlylyk

Türkmenistan bilen Hytaýyň özara gatnaşyklary gözbaşyny taryhyň uzak jümmüşinden alyp gaýdýar. Owaldan mälim bolşy ýaly, irki döwürlerde hem gadymy Parfiýa döwleti bilen Hytaýyň arasynda diplomatik hyzmatdaşlyk ýola goýlupdyr. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistan döwletimiziň öz Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň gaýtadan dikeldilip, has belent derejelere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna şu ýylyň 5-6-njy ýanwarynda amala aşyran döwlet sapary hem däp bolan gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini açdy. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda ýola goýuldy. Dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklaryň yzygiderli ösdürilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklary deňhukukly strategik hyzmatdaşlygyň derejesine çykarmaga mümkinçilik berdi. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. 2021-nji ýylyň noýabrynda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen HHR-iň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna» gol çekildi. Bu Maksatnama laýyklykda, iki döwletiň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlyk häzirki wagtda barha ilerlemek bilendir.

«Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasy ilerledilýär

Golaýda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli geçen ýylyň 11-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde yglan edilip, guramanyň resmi dillerinde ýaýradyldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen bu forumda beýan edilen başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolandygynyň nyşanydyr. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň nobatdaky üstünligini alamatlandyrýan bu wakanyň halkara habarlar giňişliginde uly seslenme döretmegi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjynyň barha ilerledilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatda eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Häzirki şertlerde anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynyň kemala getirilmegi

Aşgabatdan Pekine uzan dostluk ýoly

türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypany açdy Hytaý Halk Respublikasy Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji ýurtlaryň biridir. Ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklar iki dostlukly halkyň bähbidine işjeň ösdürildi we häzirki döwürde-de okgunly ilerledilýär. Türkmenistan bilen Hytaý 2013-nji ýylyň sentýabrynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda bilelikdäki Jarnama gol çekip, däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykardylar. Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň on ýyldan soňra ösüşiň täze tapgyryna — hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylmagy bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň esasy aýratynlygy boldy.

Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady

Ozaly bilen, Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparymyň öň ýanynda öz sahypalarynda çykyş etmäge teklibi üçin «Ženmin Žibao» gazetiniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Şeýle abraýly hem-de hormatly neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmek mümkinçiligi örän möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň, türkmen-hytaý dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar köpýyllyk taryha uzaýar. Şol döwrüň dowamynda biziň halklarymyzyň arasynda birek-birege goldaw bermek, medeniýetlerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, dünýägaraýyşlarymyzyň özara ýakynlaşmagy bolup geçdi. Biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän Beýik Ýüpek ýoly özara bähbitli söwda dolanyşygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ösüş gatnaşyklarynyň özboluşly köprüsine öwrüldi. Şunda biziň gatnaşyklarymyzyň taryhyna häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan garamak bilen, ol iki ýurduň halklarynyň ykbalynda ägirt uly oňyn tejribe boldy diýip hasaplaýaryn. Şol ýörelgeleriň mirasdüşerleri hem-de olary mynasyp dowam etdirijiler hökmünde biz gatnaşyklarymyzyň dowamatlylygyny, ösüşini, özara baýlaşdyrylmagyny üpjün edýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrarini kabul etdi. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy we Prezident Serjio Mattarellanyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, okgunly ösýän, oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi Italiýanyň daşary syýasat strategiýasyna hem-de tutuş Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al Azbini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şunda katar tarapynyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan we Merkezi Aziýa sebitinde hem-de halkara giňişlikde uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi hormatly Prezidentimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we türkmen halkyna rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Diplomat Gyrgyz Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi. Häzirki döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.