Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň türkmen böleginiň gurluşyklary tamamlandy

16 Ýanwar 2023
472

Türkmenistan 2013-nji ýylda düýbi tutulan Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň türkmen bölegindäki gurluşyklar boýunça borçlaryny ýerine ýetirdi. Bu barada täjik internet çeşmesi habar berdi.

Türkmenistan taslamanyň 85 kilometrlik Atamyrat — Ymamnazar bölegini, şeýle hem Akina bilen Andhoýy birleşdirýän 35 kilometrlik demir ýol liniýasyny gurmalydy. Habar berlişi ýaly, Türkmenistan iki taslama boýunça hem borçlaryny ýerine ýetirdi.