«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Huawei» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

14 Ýanwar 2023
363

Mälim bolşy ýaly, 13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda täze taryhy döwürde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutany degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligine ýurduň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde fiksirlenen telefon toruny giňeltmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek hem-de tehniki goldawy bermek barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Huawei Technologies Co., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.