Türkmenistan — Katar: hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär

13 Ýanwar 2023
444

11-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al Azbini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri geçen ýyllaryň içinde özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-katar hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmagyň ygtybarly binýadyny emele getirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň dekabrynda Katar Döwletine bolan saparyny ýatlap, onuň dowamynda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Doha şäherinde diplomatik wekilhanasyny açmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi bellenildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder, netijeli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

"Nesil".