Owganystanyň demir ýol müdirliginiň işçiler topary tejribe almak üçin Türkmenabat şäherine geldiler

17 Ýanwar 2023
377

Owganystanyň demir ýol müdirliginiň 14 işgärinden ybarat wekiliýeti hünär kämilligimi artdyrmak we bu ugurda tejribe almak üçin şenbe güni Türkmenabat şäherine geldi.

Owgan demirýolçylary üç aýlyk hünär kämilleşdiriş okuw kurslaryny geçerler. Okuwyň dowamynda işleýän türkmen hünärmenleri öz iş ýerlerinde we önümçilik meýdançalarynda myhmanlary demirýol gatnawlarynyň, infrastruktura desgalarynyň we işgärleriň dolandyrylyşyny gurnamak, dürli tehniki amallary geçirmek we ş.m. bilen tanyşdyrarlar. Okuwlar Owganystanyň demir ýol pudagynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we sebitleýin we halkara ulag taslamalaryna goşulyşmagyna ýardam bermek maksady bilen iki tarapyň ylalaşygy boýunça gurnaldy.