Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda täze ädimler

14 Ýanwar 2023
470

Ýetip gelen täze, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başy syýasy ähmiýetli wakalara beslenip, olarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy, Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi bilen bagly täze taryhy eýýamyň maksatlary öz beýanyny tapdy. Hususan-da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrmagy ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Döwlet Baştutanymyzyň täze ýylda daşary ýurda ilkinji saparynyň 6-njy ýanwarda bellenilen şanly sene - Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelmegi bolsa has-da buýsançly ýagdaýdyr.

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň sapary günlerinde Hytaýyň “Ženmin Žibao” atly merkezi gazeti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady” atly makalasyny çap etdi. Makalada nygtalyşy ýaly, şeýle abraýly hem-de hormatly neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmek mümkinçiligi örän möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň, türkmen-hytaý dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hytaý Türkmenistanyň iň iri ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşydyr. Ýurtlarymyz energetika, ulag, aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy, bilim, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.