Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

12 Ýanwar 2023
960

Aşgabat, 11-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al Azbini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şunda katar tarapynyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan we Merkezi Aziýa sebitinde hem-de halkara giňişlikde uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.