Türkmenistan — Gyrgyzystan: hormat goýmak, özara bähbitlilik

13 Ýanwar 2023
439

11-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowy kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we diplomat hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady ulgamda, üstaşyr-ulag düzümlerinde, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde, ylym we bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ugurlarynda iki dostlukly halklaryň abadançylygyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir. Iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki yzygiderli gatnaşyklar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýär.

"Nesil".