Sport hyzmatdaşlygy — geljegi uly ugur

14 Ýanwar 2023
349

Gadymdan gelýän «Ylym öwreniň, eger Hytaýda hem bolsa» diýen jümlede, megerem, ylym-bilim öwrenmek üçin ýollaryň alysynyň-ýakynynyň ýokdugy nygtalýar. Agyr kerwenler menzil aşyp argyşa gitse, ylym-bilimiň muşdaklary olara daklyşyp, alys ülkelerdäki mekdep-medreselere, kitaphanalara ýol salypdyrlar. Häzirki wagtda bolsa ylym-bilim we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da işjeň häsiýete eýedir. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň mysalynda aýdyň göz ýetirdik.

Pekin şäherinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde nygtalyşy ýaly, netijeli syýasy dialog, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynda bilim, medeniýet, ylym, sport, saglygy goraýyş meseleleri hem möhüm orun eýeleýär. Hytaý Halk Respublikasy häzirki wagtda diňe ykdysady babatda dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, sport we olimpiýa hereketini wagyz etmekde-de nusgalyk işleri durmuşa geçirýär.

Hojaberdi APBAÝEW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň baş redaktory.