"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Öz­be­gis­tan «Kia», «Toyo­ta» we «Hyun­dai» üçin de­ri önüm­le­ri­ni ön­dü­rer

«JM» ko­reý kom­pa­ni­ýa­sy Daş­kent­de de­ri önüm­le­ri­ni taý­ýar­la­ýan za­wod aç­magy meýilleşdirýär. «Uz­çarm­sa­noat» Öz­be­gis­ta­nyň de­ri önüm­le­ri bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň aw­toön­dü­ri­ji­le­ri­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça gep­le­şik­le­ri ge­çir­di di­ýip, as­so­sia­si­ýa­nyň ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bat ber­ýär.

Russiýa bilen Hindistanyň arasyndaky söwda dolanyşygyň mukdary 2022-nji ýylda ýokarlandy

Hin­dis­ta­nyň sta­tis­ti­ka­sy­na la­ýyk­lyk­da, Rus­si­ýa bi­len Hin­dis­ta­nyň ara­syn­da söw­da do­la­ny­şy­gyň muk­da­ry ge­çen ýyl 39 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na ýet­di di­ýip, Rus­si­ýa­nyň söw­da we­ki­li Alek­sandr Ry­bas ha­bar ber­di. «Hin­dis­ta­nyň sta­tis­ti­ka­sy­na la­ýyk­lyk­da, 2022-nji ýy­lyň je­mi bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn söw­da 13 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan 39 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na çen­li ös­di. Rus­si­ýa­dan ha­ryt eks­por­ty 4,5 es­se ýo­kar­lan­dy we 36,1 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan geç­di, hin­di önüm­le­ri­niň Rus­si­ýa gö­nü­den-gö­ni eks­por­ty 12% pe­sel­di we 2,9 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy» di­ýip, ol Hin­dis­tan-Rus­si­ýa işe­wür­lik fo­ru­myn­da aýt­dy.

Ikinji Daşkent halkara maýa goýum forumy (TIIF-2023) geçiriler

Özbegistanyň paýtagtynda geçiriljek ikinji Daşkent halkara maýa goýum forumyna (TIIF-2023) taýýarlyk görülýär. Bu barada anna güni Özbegistanyň hökümet portalynda habar berildi. Habara laýyklykda, forum şu ýylyň 27-28-nji aprelinde «Congress Hall Tashkent City» sergi köşgünde geçiriler. Fo­ru­myň esa­sy mak­sa­dy Öz­be­gis­ta­nyň we Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­mek üçin dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den müm­kin bol­du­gy­ça köp ma­ýa go­ýu­jy­ny ýyg­na­mak­dan yba­rat.

Braziliýa bilen Hytaýyň arasynda söwda hasaplaşyklary ýuan arkaly alnyp barylýar

Bra­zi­li­ýa bi­len Hy­ta­ýyň ara­syn­da ýua­ny söw­da amal­la­ryn­da ulan­mak ba­ra­da şert­na­ma bag­la­şyl­dy. Hy­ta­ýyň söw­da mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Gu Ting­ting Pe­kin­de ge­çi­ri­len Bra­zi­li­ýa – Hy­taý işe­wür­ler fo­ru­myn­da bu barada habar berdi. «Bra­zi­li­ýa bi­len ýuan­da tö­le­mek ba­ra­da şert­na­ma bag­la­şyl­dy, bu bol­sa söw­da­my­zy has-da aň­sat­laş­dy­rar. Azyk hem-de mi­ne­ral çig mal pu­da­gyn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek is­le­ýä­ris, Hy­taý­dan Bra­zi­li­ýa, Bra­zi­li­ýa­dan Hy­ta­ýa goş­ma­ça gym­ma­ty bo­lan önüm­le­ri eks­port et­mek üçin müm­kin­çi­lik göz­le­ýä­ris» – diýip, Gu Ting­ting belledi.

Türkmenistanyň ulag mümkinçiligini we maýa goýumyny maý aýynda geçiriljek halkara maslahatynda ara alyp maslahatlaşarlar

3-4-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar Agentligi we «Turkmen forum» kompaniýasy tarapyndan gurnalýan halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde halkara ýük daşamalarynyň we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar. «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş» (ITTC 2023) maslahaty yklymyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we «Demirgazyk-Günbatar» we «Günbatar-Gündogar» geçelgeleriniň Hytaýyň «Bir guşak – bir ýol» başlangyjy bilen baglaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

SUNGAT HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

29 — 31-nji mart aralygynda Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Koreýanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahat, Hankuk halkara ylymlar uniwersitetinde we Şinhan uniwersitetinde türkmenistanly sungat ussatlarynyň beren konsertleri, şeýle-de bu çäreler bilen ugurdaşlykda guralan sergiler dostlukly ýurduň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. Koreýalylar döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň hem pugtalandyrylýandygyny, bu gezekki çäreleriň dostlukly türkmen halkynyň medeniýeti, sungaty, milli gymmatlyklary bilen has ýakyndan tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolandygyny nygtadylar. Kim JONG-JU, Koreýanyň «TNEWS» internet neşiriniň başlygy, professor:

Türkmenistan – ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň täze derejesi

«7/24. tm», № 14 (149), 03.04.2023. Häzirki wagt­da ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň en­çe­me ab­raý­ly gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ge­ri­mi bar­ha gi­ňe­ýär. BMG-niň bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy bo­lan ÝU­NES­KO-nyň Türk­me­nis­tan bi­len ýo­la go­ýan iş­le­ri aý­ra­tyn or­na eýe­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Gu­ra­ma bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bu ugur­dan uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Netijeli başlangyçlar — umumadamzat bähbidine

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi özüniň döredilmeginiň 15 ýyllygyny belledi. Taryhy taýdan bu gysga döwri Türkmenistan we Merkezi Aziýa ýurtlary sebit meselelerini çözmekde örän netijeli hem-de syýasy taýdan oýlanyşykly ulanmagy başardylar. Türkmenistan sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýurdy hökmünde milli we halkara derejede parahatçylygy saklamak, dawalaryň öňüni almak, ýaragsyzlanmak, durnukly ösüş, adam hukuklary, howanyň üýtgemegi ýaly meselelere ähli döwürde-de uly ähmiýet berip geldi. Merkeziň mandatynyň, şeýle-de gurallarynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ýörelgeleri bilen sazlaşmagy onuň gymmatlyklarynyň döremegini, sebitde öz ornunyň pugtalanmagyny şertlendirdi. Bu babatda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýola goýlan sazlaşykly hyzmatdaşlygyň netijesinde ählumumy howpsuzlygyň täze ölçegi emele geldi. Sebitde we ondan daşynda özara ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen işler amala aşyryldy. Sebit dialogyny goldamak we berkitmek boýunça şeýle oňyn hyzmatdaşlyk 2017-nji, 2021-nji ýyllarda, şeýle hem şu ýylyň 24-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, halkara jemgyýetçiligiň institusio

Türkmen owazy Seulda ýaňlandy

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri Türkmen-koreý dostluk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açan Medeniýet günleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar, maslahatlar geçirildi. Dabaraly çäräniň ilkinji güni — 29-njy martda Koreýanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp guralan maslahat oňa gatnaşanlarda, şol sanda koreý habar beriş serişdeleriniň, ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly, dünýä we durmuş, adam häsiýetleri, ahlak arassalygy, manyly ýaşamak, watançylyk terbiýesi hem söýgi ýaly umumadamzat ähmiýetli möhüm meseleleri gozgaýan köptaraply döredijiligi barada giňişleýin gürrüň edildi.

Türkmenistan — Russiýa: işewürlik gatnaşyklary ilerledilýär

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» APJ-niň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorowy kabul etdi. Myhman Russiýanyň kompaniýalarynyň, hususan-da, özüniň ýolbaşçylyk edýän iri ulag kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçysyna hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň dörediljekdigine, demir ýol ulagy pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim ädiljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan — Ysraýyl: mümkinçilikler işjeň peýdalanylmalydyr

28-nji martda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ösdürilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleriň geçirilmegi, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda tejribe alşylmagy, özara saparlaryň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şoňa görä-de, duşuşygyň dowamynda iki döwletiň bähbitlerini hem-de açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, esasy ugurlaryň birnäçesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli giň meseleler boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistan — Özbegistan: özara düşünişmek we açyklyk

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýeti nygtaldy. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurtlarymyzyň diňe bir çäk taýdan däl, eýsem, taryhyň dowamynda kemala gelen medeni, ruhy umumylygy bilen hem ýakyndygy bellenildi.

Brifing geçirildi

28-nji martda Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi. Ol Arkadag şäherine, bu taslamanyň Türkmenistan üçin uly ähmiýetine hem-de ony durmuşa geçirmegiň halkara ugurlaryna bagyşlandy. Duşuşyga daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, milli hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Brifingiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Arkadag şäherini gurmak baradaky çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamalarynyň biridigi nygtaldy.

Halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilleri welaýatymyzda saparda bolýarlar

Düýn Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, ilçi Diego Ruiz Alonsonyň welaýatymyza iki günlük sapary başlandy. Ir bilen Türkmenabat şäherine gelen myhman günüň birinji ýarymynda welaýat häkimi Şöhrat Amangeldiýew bilen duşuşdy. Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan– Katar: sport hyzmatdaşlygy pugtalanýar

2023-nji ýy­lyň 19–20-nji mar­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow döw­let sa­pa­ry bi­len Ka­tar­da bol­dy. Bu ge­zek­ki sa­par dost­luk we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan, öza­ra bäh­bit­li türk­men-ka­tar hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­riň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa öw­rül­di. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Ka­tar Döw­le­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gy dost­luk däp­le­ri­niň, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri­niň esa­syn­da äh­li ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Iki ýur­duň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1996-njy ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ýo­la go­ýul­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ýur­da no­bat­da­ky sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Do­ha şä­he­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ka­tar Döw­le­tin­dä­ki il­çi­ha­na­sy­nyň açyl­ma­gy döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hil taý­dan tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam et­di.

«Demirýollary» we «TULM» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň wekilleri Minsk şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdylar

30-njy martda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 10 wekilinden ybarat topar Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde «Demir ýol logistikasy: Ösüşiň möhüm ugurlary» ady bilen geçirilen halkara maslahata gatnaşdy. Belarus Respublikasynyň Demir ýol edarasy tarapyndan guralan halkara maslahata Russiýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň we logistik-ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onuň barşynda gatnaşyjy döwletleriň arasynda demir ýol gatnawlaryny işjeňleşdirmek, logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Moskwada «Türkmendemirýollarynyň», Aşgabatda bolsa RŽD-niň wekilhanalary açylar

«Russiýanyň demir ýollary» (RŽD) holdingi Aşgabatda, «Türkmendemirýollary» Agentligi bolsa Moskwada wekilhana açmagy meýilleşdirýär. Bu barada RŽD-niň resmi Telegram kanalynda habar berilýär. «Rus we türkmen demirýollarynyň 2023-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň işi, şol sanda:

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijini kabul etdi

Aşgabat, 29-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletde doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» APJ-niň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýanyň kompaniýalarynyň, hususan-da, özüniň ýolbaşçylyk edýän iri ulag kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Russiýanyň demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, wekiliýetiň ýurdumyza saparynyň barşynda netijeli gepleşikleri geçirmek, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň dörediljekdigine, duşuşyklaryň jemleriniň bolsa demir ýol ulagy pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

РЖД планирует открыть представительство в Туркменистане

Холдинг «Российские железные дороги» (РЖД) планирует открыть представительство в столице Туркменистана Ашхабаде. Об этом сообщается в Telegram-канале российской компании. Уточняется, что президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов и глава РЖД Олег Белозеров провели встречу в Ашхабаде, в рамках которой обсудили вопросы сотрудничества в области железнодорожного транспорта.