Türkmen owazy Seulda ýaňlandy

1 Aprel 2023
639

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri

Türkmen-koreý dostluk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açan Medeniýet günleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar, maslahatlar geçirildi. Dabaraly çäräniň ilkinji güni — 29-njy martda Koreýanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp guralan maslahat oňa gatnaşanlarda, şol sanda koreý habar beriş serişdeleriniň, ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly, dünýä we durmuş, adam häsiýetleri, ahlak arassalygy, manyly ýaşamak, watançylyk terbiýesi hem söýgi ýaly umumadamzat ähmiýetli möhüm meseleleri gozgaýan köptaraply döredijiligi barada giňişleýin gürrüň edildi.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Seul şäheri. Surata düşüren awtor.