SUNGAT HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

3 Aprel 2023
417

29 — 31-nji mart aralygynda Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Koreýanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahat, Hankuk halkara ylymlar uniwersitetinde we Şinhan uniwersitetinde türkmenistanly sungat ussatlarynyň beren konsertleri, şeýle-de bu çäreler bilen ugurdaşlykda guralan sergiler dostlukly ýurduň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. Koreýalylar döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň hem pugtalandyrylýandygyny, bu gezekki çäreleriň dostlukly türkmen halkynyň medeniýeti, sungaty, milli gymmatlyklary bilen has ýakyndan tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolandygyny nygtadylar.

Kim JONG-JU,
Koreýanyň «TNEWS» internet neşiriniň başlygy, professor:

Ýazga geçiren Aýmyrat PIRJIKOW.
“Türkmenistan”. Surata düşüren awtor.