Hoşniýetli hyzmatdaşlyk

29 Mart 2023
458

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» APJ-niň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýanyň kompaniýalarynyň, hususan-da, özüniň ýolbaşçylyk edýän iri ulag kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Russiýanyň demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, wekiliýetiň ýurdumyza saparynyň barşynda netijeli gepleşikleri geçirmek, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň dörediljekdigine, duşuşyklaryň jemleriniň bolsa demir ýol ulagy pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

«Aşgabat».