Türkmenistan — Özbegistan: özara düşünişmek we açyklyk

31 Mart 2023
406

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidowy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýeti nygtaldy. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurtlarymyzyň diňe bir çäk taýdan däl, eýsem, taryhyň dowamynda kemala gelen medeni, ruhy umumylygy bilen hem ýakyndygy bellenildi.

"Nesil".