Türkmenistan — Ysraýyl: mümkinçilikler işjeň peýdalanylmalydyr

31 Mart 2023
383

28-nji martda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ösdürilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleriň geçirilmegi, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda tejribe alşylmagy, özara saparlaryň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şoňa görä-de, duşuşygyň dowamynda iki döwletiň bähbitlerini hem-de açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, esasy ugurlaryň birnäçesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli giň meseleler boýunça pikir alşyldy.

"Nesil".