«Demirýollary» we «TULM» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň wekilleri Minsk şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdylar

31 Mart 2023
395

30-njy martda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 10 wekilinden ybarat topar Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde «Demir ýol logistikasy: Ösüşiň möhüm ugurlary» ady bilen geçirilen halkara maslahata gatnaşdy.

Belarus Respublikasynyň Demir ýol edarasy tarapyndan guralan halkara maslahata Russiýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň we logistik-ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onuň barşynda gatnaşyjy döwletleriň arasynda demir ýol gatnawlaryny işjeňleşdirmek, logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.