Netijeli başlangyçlar — umumadamzat bähbidine

1 Aprel 2023
430

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi özüniň döredilmeginiň 15 ýyllygyny belledi. Taryhy taýdan bu gysga döwri Türkmenistan we Merkezi Aziýa ýurtlary sebit meselelerini çözmekde örän netijeli hem-de syýasy taýdan oýlanyşykly ulanmagy başardylar. Türkmenistan sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýurdy hökmünde milli we halkara derejede parahatçylygy saklamak, dawalaryň öňüni almak, ýaragsyzlanmak, durnukly ösüş, adam hukuklary, howanyň üýtgemegi ýaly meselelere ähli döwürde-de uly ähmiýet berip geldi.

Merkeziň mandatynyň, şeýle-de gurallarynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ýörelgeleri bilen sazlaşmagy onuň gymmatlyklarynyň döremegini, sebitde öz ornunyň pugtalanmagyny şertlendirdi. Bu babatda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýola goýlan sazlaşykly hyzmatdaşlygyň netijesinde ählumumy howpsuzlygyň täze ölçegi emele geldi. Sebitde we ondan daşynda özara ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen işler amala aşyryldy. Sebit dialogyny goldamak we berkitmek boýunça şeýle oňyn hyzmatdaşlyk 2017-nji, 2021-nji ýyllarda, şeýle hem şu ýylyň 24-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, halkara jemgyýetçiligiň institusional goldawyna eýe boldy. Şunlukda, halkara gatnaşyklaryň çylşyrymly ulgamynda özara ynanyşmagy we dialogy dikeltmäge ygrarly bolan ýurdumyzyň ählumumy başlangyçlary dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolýar. Kabul edilen möhüm resminamalar öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň tejribesini seljermäge iterýär.

Esen AÝDOGDYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory.