"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Halkara futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda

Maý aýynyň 4-ne hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi. FIFA-nyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize ajaýyp Türkmenistana gelmäge çakylygy üçin hem-de duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Ulag ulgamynda uly mümkinçilikler

Gadymy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşip, geçmişde söwda kerwenleriniň düşläp geçen mekany bolan türkmen topragy häzirki döwürde-de yklymlary biri-birine baglaýan möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmünde meşhurdyr. Ýerde, suwda, howada hereket edýän, mahlasy, ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça döwrebap düzümleri kemala getirýän ýurdumyzyň mümkinçilikleri bütin dünýäde uly gyzyklanma eýe bolýar. 3-4-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi hem şol hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar. 40-dan gowrak ýurda wekilçilik eden işewürleriňdir hünärmenleriň 700-den gowragyny bir ýere jemlän giň gerimli halkara forumyň çäklerinde guralan sergi bilen tanyşlygyň dowamynda oňa gatnaşanlar bilen söhbetdeş bolduk. Degişli ugurda ýöriteleşen milli düzümleriň alyp barýan işleri hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy barada guwandyryjy hakykatlara göz ýetirdik.

Futboly ösdürmek — sport syýasatymyzyň esasy ugry

4-nji maýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi. Dünýä futboluny ösdürmekde FIFA-nyň eýeleýän uly ornuny belläp, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de sportuň meşhur, hemmeleriň söýýän bu görnüşini giňden ýaýratmak üçin halkara derejede tagallalaryň birleşdirilmegine uly ähmiýet berýändigini aýratyn nygtady. FIFA-nyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyz bilen söhbetdeşlikde bu duşuşygyň Merkezi Aziýada örän iri Olimpiýa stadionynda geçirilmegine hut özüne we futbola bildirilýän aýratyn sarpanyň nyşany hökmünde baha berýändigini aýtdy.

Türkmenistan — Amerikanyň Birleşen Ştatlary: döwletara hyzmatdaşlygyň berk binýady

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri toplanan oňyn tejribe döwletara hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýar. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Muňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşygy hem-de türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriň her ýylky nobatdaky mejlisini geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 23-24-nji aprelinde ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherine iş saparyny amala aşyrmagy aýdyň güwädir. IKITARAPLAÝYN WE KÖPTARAPLAÝYN GÖRNÜŞDE

Türkmen-german gatnaşyklary: ynanyşmak, işjeňlik, netijeli esas

Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Germaniýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyldan gowrak wagt geçip, şu döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürildi we ösdürilýär. Muny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 25 — 28-nji aprelinde türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy aýdyňlygy bilen tassyklaýar. KÖPUGURLY HÄSIÝETE EÝEDIR

Owganystanyň Hyrat welaýatynda ynsanperwerlik çäresi geçirildi

2023-nji ýylyň 3-nji maýynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistan tarapyndan 2016-njy ýylda ynsanperwer kömegi hökmünde gurlup ulanmaga berlen 20 orunlyk çaga dogurmak üçin niýetlenen öýde Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat ş.) Baş konsullygy tarapyndan ynsanperwer çäresi geçirildi. Çäre owgan tarapynyň haýyşy boýunça, ýaňy-ýakynda türkmen tarapynyň bu saglyk öýüni düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi mynasybetli gurnalyp, onuň dowamynda ynsanperwer kömegi hökmünde saglyk öýüne zerur bolan derman we lukmançylyk serişdeleri hem gowşuryldy.

Aşgabatda geçirilen ulag boýunça halkara maslahatyň netijeleri üns merkezinde

Aşgabat, 4-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahatyň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. 3-4-nji maýda geçirilen maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan wekiller gatnaşdy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň, halkara guramalaryň, milli we halkara ulag-logistika kompaniýalarynyň, senagat zolaklarynyň, guramalaryň, iri halkara maliýe edaralarynyň — “Alibaba”, “MAERSK”, “Lufthansa”, “МаксФлайт”, “Airbus”, “Boeing”, “Flydubai”, “General Electric”, “Toyota”, “SpaceX”, “РЖД”, “KTZ Express” ýaly kompaniýalaryň wekilleri, ulag ulgamy boýunça belli bilermenler bar.

Maý aýynda Türkmenistana iki sany ýük teplowozy getiriler

3-4-nji maýda Aşgabadyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi üstünlikli jemlendi. Hytaý Halk Respublikasynyň «CRRC Ziyang CO., Ltd» kompaniýasynyň wekilleri Aşgabatda bolup, ýurduň lokomotiw düzümi bilen ýakyndan tanyş boldular. Kompaniýa tarapyndan şu aýyň içinde ýük teplowozlarynyň 2-siniň Türkmenistana getirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen çykyşda aýdylýar. «CRRC Ziyang CO., Ltd» kompaniýasynyň wekili Si Çen bu barada şeýle diýýär:

«Türkmenpoçta» soňky gazananlary bilen halkara ulag maslahatyna gatnaşyjylara tanyş etdi

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly ikinji halkara maslahatda eden çykyşynda öz beýanyny tapdy. Mälim bolşy ýaly, düýn Aşgabatda halkara maslahat öz işini ugurdaş mejlisler arkaly dowam etdirdi.

«Kras-Logistics» Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär

Germaniýanyň «Kras-Logistics» transport kompaniýasy Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirilýär. Muny «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen «Kras-Logistics GmbH»-iň baş müdiri Haýnrih Waal mälim etdi. «Kras-Logistics» 15 ýyldan gowrak wagt bäri Germaniýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş ýük agenti bolup çykyş edýär.

Arkadag hem-de Aşgabat şäherleriniň arasynda tiz otlulary işe girizmek teklip edildi

«RŽD» açyk paýdarlar jemgyýeti Türkmenistana Arkadag — Aşgabat ýolunda sagatda 140 km tizlikli sebit ýolagçy otlusynyň taslamasyny teklip etdi. Muny halkara ulag-üstaşyr forumyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen «RŽD» AGPJ baş direktorynyň birinji orunbasary Sergeý Pawlow habar berdi. Pawlowyň bellemegine görä, häzirki wagtda «RŽD» bilen türkmen kärdeşleriniň arasynda synag taslamasy hökmünde Gyzylarbatdaky wagon abatlaýyş zawodyny bilelikde döwrebaplaşdyrmak işi amala aşyryldy. Munuň özi bu kärhananyň kuwwatyny birnäçe esse ýokarlandyrmaga we wagonlaryň saklanylyşyny hem-de ýük daşamalarynyň häzirki zaman derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Aşgabat, 4-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanymyz sahawatly türkmen topragynda myhmany mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady hem-de bütin dünýäde futboly ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Aşgabatda geçirilen ulag boýunça halkara maslahatyň netijeleri üns merkezinde

Aşgabat, 4-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahatyň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. 3-4-nji maýda geçirilen maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan wekiller gatnaşdy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň, halkara guramalaryň, milli we halkara ulag-logistika kompaniýalarynyň, senagat zolaklarynyň, guramalaryň, iri halkara maliýe edaralarynyň — “Alibaba”, “MAERSK”, “Lufthansa”, “МаксФлайт”, “Airbus”, “Boeing”, “Flydubai”, “General Electric”, “Toyota”, “SpaceX”, “РЖД”, “KTZ Express” ýaly kompaniýalaryň wekilleri, ulag ulgamy boýunça belli bilermenler bar.

TÜRKMENISTAN — ÝAPONIÝA: özara bähbitli gatnaşyklary ilerledip

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty, durnukly ösüş, tebigy baýlyklary özleşdirmegiň giň mümkinçilikleri dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekýär. Ýaponiýa Türkmenistanyň wajyp hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. Geçen döwrüň içinde ikitaraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi gazanyldy. Ol gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine almak bilen, ýylyň-ýylyna baýlaşýar. Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim babatda ýola goýlan işjeň hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistan we Ýaponiýa dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýarlar. Munuň netijesinde ýurtlarymyz halkara durmuşyň derwaýys meseleleri boýunça, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara hereket etmek arkaly umumy tagallalara mynasyp goşant goşýarlar.

Ulag ulgamy: durnukly ösüş ugrunda täze başlangyçlar

3-4-nji maýda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi üstünlikli jemlendi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran bu halkara ulag forumyna dünýäniň 45 ýurdundan 800-den gowrak wekil gatnaşdy. Bu halkara çäreler ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, daşary ýurtlaryň wekiliýetlerini, halkara guramalaryň, milli halkara ulag-logistika kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylaryny, wekillerini, ulag ulgamy boýunça abraýly bilermenleri netijeli pikir alyşma meýdançasyna jemledi. Iki gün dowam eden halkara maslahat adaty hem-de onlaýn görnüşde alnyp baryldy. Maslahatyň dowamynda dünýä ykdysadyýetine uly zyýan ýetiren COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde täze mümkinçiliklerden peýdalanyp, ulag-logistika pudagyny gaýtadan dikeltmek, ulag-aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak, kämil ulag toplumyny döredip, onuň üsti bilen halkara söwdany mundan beýläk-de netijeli ösdürmek, «ýaşyl» infrastrukturany ösdürmekde döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, degişli çözgütler kabul edildi. Ýewraziýa giňişliginde üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersi

Hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni halkara jemgyýetçiliginde Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini artdyrýan wakalara beslenýär. Bu wakalar türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde: «Ýurduň geografiki we taryhy aýratynlyklaryna, milli medeniýetimize, türkmen halkynyň özboluşlylygyna, hoşniýetli goňşuçylyk we beýleki medeniýetlere hormat goýmak ýörelgelerine gabat gelýän Bitaraplyk konsepsiýasy diňe bir ýurduň geljekki ösüş mümkinçiliklerini kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, sebit hem-de ählumumy meseleleri çözmekde hem möhüm orny eýelemegi göz öňünde tutýar» diýen uzak geljegi nazarlaýan dana garaýyşlarynyň juda ýerliklidigini aýan edýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna şu ýylyň 25 — 28-nji apreli aralygynda amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri diňe soňky günlerdäki taryhy wakalaryň mysallarydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyklary yzygiderli ösdürýär.

Diplomatik gatnaşyklaryň şanly wakasy

Ýakynda Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koen Türkmenistanda saparda boldy. Onuň çäklerinde dostlukly ýurduň baş diplomaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ysraýylyň daşary işler ministriniň şu gezekki saparyna ýurdumyzda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde garalýar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň özüniň daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyk edýändigi nygtaldy. Türkmen-ysraýyl döwletara gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, bu gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.

Türkmen-amerikan gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda

Dünýä döwletleri, şol sanda ABŞ bilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş sapary hem türkmen-amerikan gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmagyň ýolunda möhüm waka öwrüldi. 24-nji aprelde ABŞ-nyň Döwlet departamentinde türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň we amerikan tarapyndan Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horstyň ýolbaşçylygyndaky iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeleriň nobatdaky mejlisiniň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan — Germaniýa: ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmäge ygrarlylyk

Türkmenistan — Germaniýa: ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmäge ygrarlylyk25 — 28-nji aprelde Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Maksady türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolan saparyň dowamynda aýry-aýry ugurlar boýunça netijeli gepleşikler geçirildi, özara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri babatda ileri tutulýan garaýyşlar mälim edildi. Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýärler. Şunda söwda-ykdysady ulgama möhüm orun degişlidir. Şoňa görä, türkmen wekiliýetiniň nobatdaky saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşiklerde-de hut şu babatdaky meselelere aýratyn üns çekildi. German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň baş sekretary Mihael Harms bilen geçirilen duşuşykda şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleriniňdir telekeçileriň gatnaşmagynda Germaniýada Türkmen-german ykdysady forumyny geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumy ýokary derejede taýýarlamak üçin sanly ulgam arkaly mowzuklaýyn okuw maslahatlarynyň üçüsini geç

Täze «Airbus» ýük uçary gelip gowuşdy

Golaýda Aşgabadyň Halkara howa menziline «Airbus A330-200P2F» kysymly ýük uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Fransiýanyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman uçarlarynyň ikinjisidir. Bu ýük uçarlary dürli möçberdäki ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin niýetlenendir. Uçarlaryň uçuş uzaklygy 13 müň kilometrden gowrakdyr hem-de olar 60 tonna çenli ýük daşamak mümkinçiligine eýedir. Uçaryň elektron enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy işläp taýýarlamalar peýdalanylandyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň howa floty dünýäniň meşhur kompaniýalarynda öndürilen uçarlary özünde jemleýär. Soňky ýyllarda milli raýat awiasiýasynyň häzirki zaman uçarlaryny ulanmakda ýokary hünär we ussatlyk derejesine ýetildi. Uçarmanlary, howa gatnawlaryny guramak, howa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işgärleri taýýarlamak maksady bilen, gysga möhletli okuwlar we tejribelikler guralýar. «Airbus A330-200P2F» ýük uçarlarynyň uçarmanlary we olara tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenler Singapurda we Fransiýada gaýtadan taýýarlyk geçdiler.