Türkmen-german gatnaşyklary: ynanyşmak, işjeňlik, netijeli esas

5 Maý 2023
346

Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Germaniýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyldan gowrak wagt geçip, şu döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürildi we ösdürilýär. Muny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 25 — 28-nji aprelinde türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

KÖPUGURLY HÄSIÝETE EÝEDIR

«Nesil».