Täze «Airbus» ýük uçary gelip gowuşdy

4 Maý 2023
559

Golaýda Aşgabadyň Halkara howa menziline «Airbus A330-200P2F» kysymly ýük uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Fransiýanyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman uçarlarynyň ikinjisidir.

Bu ýük uçarlary dürli möçberdäki ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin niýetlenendir. Uçarlaryň uçuş uzaklygy 13 müň kilometrden gowrakdyr hem-de olar 60 tonna çenli ýük daşamak mümkinçiligine eýedir. Uçaryň elektron enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy işläp taýýarlamalar peýdalanylandyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň howa floty dünýäniň meşhur kompaniýalarynda öndürilen uçarlary özünde jemleýär. Soňky ýyllarda milli raýat awiasiýasynyň häzirki zaman uçarlaryny ulanmakda ýokary hünär we ussatlyk derejesine ýetildi. Uçarmanlary, howa gatnawlaryny guramak, howa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işgärleri taýýarlamak maksady bilen, gysga möhletli okuwlar we tejribelikler guralýar. «Airbus A330-200P2F» ýük uçarlarynyň uçarmanlary we olara tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenler Singapurda we Fransiýada gaýtadan taýýarlyk geçdiler.