Ulag ulgamynda uly mümkinçilikler

5 Maý 2023
462

Gadymy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşip, geçmişde söwda kerwenleriniň düşläp geçen mekany bolan türkmen topragy häzirki döwürde-de yklymlary biri-birine baglaýan möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmünde meşhurdyr. Ýerde, suwda, howada hereket edýän, mahlasy, ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça döwrebap düzümleri kemala getirýän ýurdumyzyň mümkinçilikleri bütin dünýäde uly gyzyklanma eýe bolýar. 3-4-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi hem şol hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar.

40-dan gowrak ýurda wekilçilik eden işewürleriňdir hünärmenleriň 700-den gowragyny bir ýere jemlän giň gerimli halkara forumyň çäklerinde guralan sergi bilen tanyşlygyň dowamynda oňa gatnaşanlar bilen söhbetdeş bolduk. Degişli ugurda ýöriteleşen milli düzümleriň alyp barýan işleri hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy barada guwandyryjy hakykatlara göz ýetirdik.

Taýýarlan Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».