Türkmen-amerikan gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda

4 Maý 2023
337

Dünýä döwletleri, şol sanda ABŞ bilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş sapary hem türkmen-amerikan gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmagyň ýolunda möhüm waka öwrüldi.

24-nji aprelde ABŞ-nyň Döwlet departamentinde türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň we amerikan tarapyndan Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horstyň ýolbaşçylygyndaky iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeleriň nobatdaky mejlisiniň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.