Ulag ulgamy: durnukly ösüş ugrunda täze başlangyçlar

5 Maý 2023
420

3-4-nji maýda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi üstünlikli jemlendi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran bu halkara ulag forumyna dünýäniň 45 ýurdundan 800-den gowrak wekil gatnaşdy. Bu halkara çäreler ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, daşary ýurtlaryň wekiliýetlerini, halkara guramalaryň, milli halkara ulag-logistika kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylaryny, wekillerini, ulag ulgamy boýunça abraýly bilermenleri netijeli pikir alyşma meýdançasyna jemledi.

Iki gün dowam eden halkara maslahat adaty hem-de onlaýn görnüşde alnyp baryldy. Maslahatyň dowamynda dünýä ykdysadyýetine uly zyýan ýetiren COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde täze mümkinçiliklerden peýdalanyp, ulag-logistika pudagyny gaýtadan dikeltmek, ulag-aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak, kämil ulag toplumyny döredip, onuň üsti bilen halkara söwdany mundan beýläk-de netijeli ösdürmek, «ýaşyl» infrastrukturany ösdürmekde döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, degişli çözgütler kabul edildi. Ýewraziýa giňişliginde üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanyp geçirilen bu halkara çäre plenar mejlisi hem-de 5 sany mowzuklaýyn mejlisi özünde jemledi.

Ýazga geçiren Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».