Diplomatik gatnaşyklaryň şanly wakasy

4 Maý 2023
362

Ýakynda Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koen Türkmenistanda saparda boldy. Onuň çäklerinde dostlukly ýurduň baş diplomaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ysraýylyň daşary işler ministriniň şu gezekki saparyna ýurdumyzda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde garalýar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň özüniň daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyk edýändigi nygtaldy. Türkmen-ysraýyl döwletara gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, bu gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.