Türkmenistan — Germaniýa: ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmäge ygrarlylyk

4 Maý 2023
413

Türkmenistan — Germaniýa: ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmäge ygrarlylyk25 — 28-nji aprelde Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Maksady türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolan saparyň dowamynda aýry-aýry ugurlar boýunça netijeli gepleşikler geçirildi, özara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri babatda ileri tutulýan garaýyşlar mälim edildi.

Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýärler. Şunda söwda-ykdysady ulgama möhüm orun degişlidir. Şoňa görä, türkmen wekiliýetiniň nobatdaky saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşiklerde-de hut şu babatdaky meselelere aýratyn üns çekildi. German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň baş sekretary Mihael Harms bilen geçirilen duşuşykda şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleriniňdir telekeçileriň gatnaşmagynda Germaniýada Türkmen-german ykdysady forumyny geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumy ýokary derejede taýýarlamak üçin sanly ulgam arkaly mowzuklaýyn okuw maslahatlarynyň üçüsini geçirmek teklip edildi. Hususan-da, türkmen tarapy energetika, «ýaşyl» geçiş, derman we lukmançylyk senagaty, Arkadag şäheriniň taslamasyny durmuşa geçirmek ýaly dört ugry hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezip, forumda germaniýaly hyzmatdaşlar bilen olar boýunça anyk gepleşikleri geçirmegi göz öňünde tutýar.