Hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri

4 Maý 2023
482

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni halkara jemgyýetçiliginde Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini artdyrýan wakalara beslenýär. Bu wakalar türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde: «Ýurduň geografiki we taryhy aýratynlyklaryna, milli medeniýetimize, türkmen halkynyň özboluşlylygyna, hoşniýetli goňşuçylyk we beýleki medeniýetlere hormat goýmak ýörelgelerine gabat gelýän Bitaraplyk konsepsiýasy diňe bir ýurduň geljekki ösüş mümkinçiliklerini kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, sebit hem-de ählumumy meseleleri çözmekde hem möhüm orny eýelemegi göz öňünde tutýar» diýen uzak geljegi nazarlaýan dana garaýyşlarynyň juda ýerliklidigini aýan edýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna şu ýylyň 25 — 28-nji apreli aralygynda amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri diňe soňky günlerdäki taryhy wakalaryň mysallarydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyklary yzygiderli ösdürýär.

Hojaly HOJALYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.