"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

«Merkezi Aziýa – Hytaý»: gazanylan tejribeler we geljekki mümkinçilikler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 18-19-njy maýda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň iberen çakylygy esasynda «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitine gatnaşmagyna garaşylýar. Mälim bolşy ýaly, bu çakylygy 13-nji maýda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý gowşurypdy. Şensi welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Sian şäherinde geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary gatnaşarlar.

Halkara maslahat geçirildi

Şu gün — 16-njy maýda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bilelikde guramagynda «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde Bitarap döwletleriň orny» diýen at bilen halkara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary, halkara guramalarynyň, Daşary işler ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri  hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfelt, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Gahryman Rozyýew, Mejlisiň agzasy Merdan Tuwakow dagy çykyş etdi. Çykyş edenler häzirki zaman dünýäsinde bitaraplyk ýörelgesiniň eýeleýän orny, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde abadançylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Aşgabatda Demir ýollar hyzmatdaşlyk guramasynyň forumy geçirilýär

15-nji maýda Aşgabatda «Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygyny işjeňleşdirmek we Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlaryny kämilleşdirmek» atly HÜN Ylalaşygyna gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň arasyndaky XXXIV mejlisi öz işine başlady.  Bellenilişi ýaly, agzalan resminama halkara demir ýol üstaşyr ulgam boýunça ýükleri daşamak üçin bir bitewi düzgüni we nyrhy esaslandyran onlarça ýurtlaryň arasyndaky ylalaşyk bolup durýar.

Türkmenistanda halkara demir ýol gatnawlaryny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar

Aşgabat, 15-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň bu Ylalaşygy işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan XXXIV mejlisi geçirildi. Bu resminama halkara demir ýol üstaşyr ulgamy boýunça ýükleri daşamak üçin bir bitewi düzgüni we nyrhy esaslandyran onlarça ýurduň arasyndaky ylalaşyk bolup durýar. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen foruma Azerbaýjandan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Moldowadan, Çehiýadan, Täjigistandan, Russiýadan, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetinden, şeýle hem bu gurama goşulan kärhanalardan — “OTKL ERA” paýdarlar jemgyýetinden, “STM” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetden, “PLASKE” paýdarlar jemgyýetinden wekiller gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde degişli ulag agentlikleriniň we pudaklarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri bar.

Türkmenistanda halkara demir ýol gatnawlaryny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar

Aşgabat, 15-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň bu Ylalaşygy işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan XXXIV mejlisi geçirildi. Bu resminama halkara demir ýol üstaşyr ulgamy boýunça ýükleri daşamak üçin bir bitewi düzgüni we nyrhy esaslandyran onlarça ýurduň arasyndaky ylalaşyk bolup durýar. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen foruma Azerbaýjandan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Moldowadan, Çehiýadan, Täjigistandan, Russiýadan, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetinden, şeýle hem bu gurama goşulan kärhanalardan — “OTKL ERA” paýdarlar jemgyýetinden, “STM” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetden, “PLASKE” paýdarlar jemgyýetinden wekiller gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde degişli ulag agentlikleriniň we pudaklarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri bar.

Sammite gatnaşmaga çakylyk gowşuryldy

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi. Şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy. Şunuň bilen baglylykda, ol hormatly Prezidentimiziň sammite gatnaşmak üçin Hytaýa gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny aýtdy.

Ylmy wekilleriň maslahaty

Täjigistanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň mejlisler zalynda «Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösüşi» diýen tema boýunça «tegelek stoluň» başynda halkara maslahat geçirildi. Iki ýurduň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan halkara maslahatyna Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň wekilleri gatnaşdy. Halkara maslahatyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Täjigistanyň Milli Ylymlar Akademiýasy tarapyndan neşir edilen kitaplaryň sergisine syn etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda gazanylan öňegidişlikler, ýetilen sepgitler barada gürrüň berýän eserleri halkara foruma gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistan — Hytaý: däp bolan ýörelgelere ygrarlylyk

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi we şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy. Şunuň bilen baglylykda, ol hormatly Prezidentimiziň bu sammite gatnaşmak üçin Hytaýa gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýolunda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine uly buýsanç bilen garalýar.

Dost-doganlyk gatnaşyklary berkeýär

Sebitdäki ýurtlar, şol sanda Täjigistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol babatda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi iki dostlukly ýurduň gatnaşyklaryny has-da berkidýär. Türkmen we täjik halklaryny gadymdan bäri dowam edip gelýän medeni, ruhy ýörelgeleriň taryhy umumylygy baglanyşdyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 10-11-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary ýokary ruhubelentlige beslenip, türkmen-täjik döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyran, ynsanperwer we dostlukly ýollary giňeldýän hyzmatdaşlygyň taryhyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyran çäreler bilen üsti ýetirildi. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirilip, olaryň jemleri boýunça ylalaşyklar gazanyldy. Saparyň çäklerinde dürli ugurlary öz içine alýan maslahatlar, duşuşyklar, iki döwletiň möhüm syýasy, medeni we bilim babatdaky wakalar bolup geçdi. Ýurduň ajaýyp dag howasy, gözel tebigaty, täsin jülgeleri, kölleri, derýalary, çeşme-çaýlary özboluşlylygy bilen ünsüňi çekýär. Bahar paslynyň ajaýyp maý gününde depesi asman boýlaýan belent daglaryň arasynda ýerleşýän paýtagt şäher türkmen wekiliýetini hoşamaý garşy aldy. Täjik dostlarymyz diňe gadyrly garşy almak bilen çäklenmä

Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpasyrlyk dostluk gatnaşyklaryny, däp-dessurlaryň ýakynlygyny hem-de umumylygyny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň 10-11-nji maýda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary hem döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Türkmenistan Täjigistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna täze itergi beren Arkadagly Serdarymyzyň şu gezekki döwlet sapary, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar iki döwletiň hem täze taryhyna şanly waka bolup ýazylar. Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň Täjigistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň 24-sine gol çekildi.

Gardaş iller, göwündeş ynsanlar (Ýaş žurnalistiň sözi)

Bir agajyň iki şahasy, bir derýanyň iki kenary ýaly, türkmen we täjik halky asyrlaryň dowamynda aýrylmaz dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Biziň şu günümiz hem-de düýnümiz, pikirimiz hem-de aňymyz, saçakdaky nanymyz hem birmeňzeşdir. Hormatly Prezidentimiziň 10-11-nji maýda Täjigistana amala aşyran döwlet sapary hem gadymy ýörelgeleriň üstünlikli dowam etdirilýändigine, dostlukly gatnaşyklaryň barha ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. YNAM DOSTLUGY PUGTALANDYRÝAR

Türkmenistanyň DIM-inde «ýaşyl» ykdysadyýet we sanly özgertmeler boýunça tegelek stol geçirildi

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugrunda Türkmenistanda «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge we sanly özgertmelere bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 17—19-njy aprelinde Ženewada geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ECE) 70-nji mejlisiniň we BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň (SPECA) ministrler duşuşygynyň işine gatnaşmagynyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Habarlar halkara giňişlikde

Ynsanperwerlik kerweni Owganystana bardy Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk owgan halkyna nobatdaky ynsanperwerlik kömegini bermek hakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, agramy 125 tonna barabar bolan derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary, azyk hem-de dokma önümleri ýüklenen ynsanperwerlik kerweni Türkmenistandan Owganystana baryp ýetdi. Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde gurlan çaga dogrulýan öýde bejeriş-maslahat beriş işlerini amala aşyrjak türkmen lukmanlary bolsa, şu gün — 15-nji maýda ýola düşerler.

Türkmenistan — ÝUNESKO: dünýä ýaýran şöhratly ýollar

Golaýda Türkmenabat şäherinde ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň mekany» atly dabaraly çäreler geçirildi. Olar Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan guraldy. Çäreler Türkmenabat şäherindäki medeniýet öýünde başlandy. Döwrebap sungat ojagynyň foýesinde welaýat çagalar sungat mekdebiniň sazandalar topary dabara gatnaşyjylary joşgunly mukamlar bilen garşyladylar. Bu ýerde welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň hem-de ýurdumyzyň Suratkeşler birleşiginiň Lebap welaýatyndaky agzalarynyň eserlerinden düzülen sergi hem ýaýbaňlandyryldy. Sergide ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň hataryna Türkmenistandan girizilen milli aýratynlyklar öz beýanyny tapdy.

Du­şen­be şä­he­rin­de Türk­men-tä­jik işe­wür­lik mas­la­ha­ty, işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň bi­rin­ji mej­li­si hem-de iki ýur­duň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki ser­gi­si ge­çi­ril­di

8-nji maý­da Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Du­şen­be şä­he­rin­de Türk­men-tä­jik işe­wür­lik mas­la­ha­ty, işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň bi­rin­ji mej­li­si hem-de iki ýur­duň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki ser­gi­si ge­çi­ril­di. Bu çä­re­ler Türk­me­nis­ta­nyň we Tä­ji­gis­ta­nyň öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry­ny has-da gi­ňelt­mä­ge ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Dü­zü­mi ýur­du­my­zyň dür­li mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, ylym ul­ga­my­nyň hem-de işe­wür­ler dü­zü­mi­niň ýol­baş­çy­la­ryn­dan yba­rat bo­lan türk­men we­ki­li­ýe­ti Du­şen­be şä­he­ri­nde boldular. Iş me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, çä­re­ler il­ki bi­len, Tä­ji­gis­ta­nyň Mil­li ki­tap­ha­na­sy­nyň bi­na­syn­da gu­ra­lan Tä­ji­gis­ta­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si bi­len ta­nyş­mak­dan baş­lan­dy. Ser­gi hyz­mat­daş ýur­duň soň­ky ýyl­lar­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni be­ýan et­di.

TÜRK­ME­NIS­TAN — TÄ­JI­GIS­TAN: dost­luk­ly we hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­lyk

Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bo­lan­dan soň, äh­li ýurt­lar bi­len öza­ra bäh­bit­li, dost­luk­ly, iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy. Göz­ba­şy­ny ga­dy­my­ýe­tiň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan türk­men-tä­jik dost­luk ýö­rel­ge­le­ri, hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry hä­zir­ki wagt­da tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar. Türk­men hem-de tä­jik halk­la­ry asyr­la­ryň do­wa­myn­da dost­luk­ly ýa­şap, edil do­gan ýa­ly ag­zy­bir­lik­de, ýa­kyn gat­na­şyk­da bo­lup ge­len halk­lar­dyr. Na­kyl­lar­da «Do­gan do­ga­na ga­la» diý­li­şi ýa­ly, iki do­gan­lyk ýur­duň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar hem berk ta­ry­hy kök­le­re da­ýan­ýar.

Birža söwdalary

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 50 sa­ny­sy ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Ga­za­gys­tan­dan, BAE-den, Öz­be­gis­tan­dan, Gru­zi­ýa­dan, Ow­ga­nys­tan­dan, Sin­ga­pur­dan, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­dan we Mal­ta­dan ge­len te­le­ke­çi­ler po­lip­ro­pi­le­ni, gid­rou­sul­da aras­sa­la­na­nan di­zel ýan­gy­jy­ny, aw­to­ben­zi­ni, su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy, ýa­kyş ma­zu­dy­ny sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de dür­li gör­nüş­li do­kma önüm­le­ri sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy 91 mil­li­on 682 müň 375 ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bol­dy.

«Cent­ral Asia Hou­se­wa­re» hal­ka­ra ser­gi­si­ne ba­dal­ga be­ril­di

Düýn Ga­za­gys­ta­nyň Al­ma­ty şä­he­ri­niň «Ata­kent» söw­da mer­ke­zin­de «Cent­ral Asia Hou­se­wa­re» at­ly öý-ho­ja­lyk, dur­muş elekt­ro­ni­ka ha­ryt­la­ry­nyň 20-nji hal­ka­ra ser­gi­si­ne ba­dal­ga be­ril­di. Ugur­daş iş alyp bar­ýan hü­när­men­leriň kö­pu­gur­ly işe­wür­lik plat­for­ma­sy­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra göz­den ge­çi­ri­li­şe türk­men te­le­ke­çi­le­ri hem myhman hökmünde gat­naş­ýar­lar. Iri yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­liş ýer­li we myh­man te­le­ke­çi­le­re öz önüm­le­ri­ni gör­kez­mä­ge, de­giş­li ba­za­ry öw­ren­mä­ge, eks­port-im­port şert­na­ma­la­ry­ny bag­laş­ma­ga, şeý­le-de Mer­ke­zi Azi­ýa ba­za­ryn­da işe­wür­li­gi has-da gi­ňelt­mä­ge ýar­dam be­rer.

Sa­ud Ara­bys­ta­ny Patyşalygy Öz­be­gis­tan­da gül ös­dü­rip ýe­tiş­di­rer

Öz­be­gis­ta­nyň il­çi­ha­na­sy­nyň iş­gär­le­ri Sa­ud Ara­bys­ta­ny Patyşalygy­nyň Daş­ky gur­şaw, suw we oba ho­ja­ly­gy mi­nistr­li­gi­niň oba ho­ja­ly­gy­ny öw­re­niş we oba ho­ja­ly­gy­nyň ýaý­ra­wy­ny gi­ňelt­mek bö­lü­mi­niň baş mü­di­ri Ban­dar Mu­ham­met al-Sak­han bi­len du­şu­şyk ge­çir­di. Du­şu­şy­gyň mak­sa­dy, Sa­ud Ara­bys­ta­ny Patyşalygynyň ma­ýa­dar­la­ry­ny Öz­be­gis­tan­da gül ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek ýa­ly oba ho­ja­ly­gyn­da gel­je­gi uly ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­na, şeý­le-de de­giş­li şert­na­ma­la­ra gol çek­mek­den yba­rat bol­dy. Iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şi­giň do­wa­myn­da Ban­dar Mu­ham­met al-Sak­han «Sa­ud Ara­bys­ta­ny Patyşalygy Öz­be­gis­tan bi­len gül ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de hyz­mat­daş­ly­ga gy­zyk­lan­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­duň Daş­ky gur­şaw, suw we oba ho­ja­ly­gy mi­nistr­li­gi­niň iş­gä­ri­ni hem-de 10-dan gow­rak ma­ýa go­ýu­jy­ny gül ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek tas­la­ma­la­ry­na ma­ýa goý­mak üçin Öz­be­gis­ta­na iber­mä­ge taý­ýar­dy­rys» di­ýip aýt­dy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününiň hormatyna Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

«7/24. tm», №20 (155), 15.05.2023. 2023-nji ýy­lyň 9-njy ma­ýynda ir­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň 78 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Mosk­wa­da ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­ly çä­re­le­re hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­naş­ma­ga ibe­ren ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça iş sa­pa­ry bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na ug­ra­dy.