Türkmenistan — ÝUNESKO: dünýä ýaýran şöhratly ýollar

15 Maý 2023
423

Golaýda Türkmenabat şäherinde ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň mekany» atly dabaraly çäreler geçirildi. Olar Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan guraldy.

Çäreler Türkmenabat şäherindäki medeniýet öýünde başlandy. Döwrebap sungat ojagynyň foýesinde welaýat çagalar sungat mekdebiniň sazandalar topary dabara gatnaşyjylary joşgunly mukamlar bilen garşyladylar. Bu ýerde welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň hem-de ýurdumyzyň Suratkeşler birleşiginiň Lebap welaýatyndaky agzalarynyň eserlerinden düzülen sergi hem ýaýbaňlandyryldy. Sergide ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň hataryna Türkmenistandan girizilen milli aýratynlyklar öz beýanyny tapdy.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.