Dost-doganlyk gatnaşyklary berkeýär

15 Maý 2023
333

Sebitdäki ýurtlar, şol sanda Täjigistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol babatda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi iki dostlukly ýurduň gatnaşyklaryny has-da berkidýär. Türkmen we täjik halklaryny gadymdan bäri dowam edip gelýän medeni, ruhy ýörelgeleriň taryhy umumylygy baglanyşdyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 10-11-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary ýokary ruhubelentlige beslenip, türkmen-täjik döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyran, ynsanperwer we dostlukly ýollary giňeldýän hyzmatdaşlygyň taryhyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyran çäreler bilen üsti ýetirildi. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirilip, olaryň jemleri boýunça ylalaşyklar gazanyldy. Saparyň çäklerinde dürli ugurlary öz içine alýan maslahatlar, duşuşyklar, iki döwletiň möhüm syýasy, medeni we bilim babatdaky wakalar bolup geçdi.

Ýurduň ajaýyp dag howasy, gözel tebigaty, täsin jülgeleri, kölleri, derýalary, çeşme-çaýlary özboluşlylygy bilen ünsüňi çekýär. Bahar paslynyň ajaýyp maý gününde depesi asman boýlaýan belent daglaryň arasynda ýerleşýän paýtagt şäher türkmen wekiliýetini hoşamaý garşy aldy. Täjik dostlarymyz diňe gadyrly garşy almak bilen çäklenmän, doganlyk halklarymyzyň milli myhmansöýerlik däbini-de görkezdi. Täjigistan Respublikasynyň agramly bölegini baýyrlyklar, daglyklar tutýar. Şol daglaryň jümmüşinde ýerleşýän Duşenbe şäheri tebigy gözelligi bilen göreni haýrana goýýar. Paýtagt şäheriň owadan binagärlik keşbi, gür baglyga, al-elwan güllere beslenen medeni dynç alyş seýilgähleri, köçe-ýollary, täsin suw çüwdürimleri, jana şypaly dag howasy göwnüňi göterýär. Taryhy ýerleri, milli muzeýleri bu şäheriň gadymy geçmişinden habar berýär. Täjigistan Respublikasy Merkezi Aziýa sebitiniň dostlukly, myhmansöýer we milli gymmatlyklaryny nesilden-nesle üýtgewsiz geçirýän döwletleriň biridir.

Gülälek BABAÝEWA,
«Güneş» žurnalynyň baş redaktory. Aşgabat — Duşenbe — Aşgabat.