Du­şen­be şä­he­rin­de Türk­men-tä­jik işe­wür­lik mas­la­ha­ty, işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň bi­rin­ji mej­li­si hem-de iki ýur­duň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki ser­gi­si ge­çi­ril­di

14 Maý 2023
426

8-nji maý­da Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Du­şen­be şä­he­rin­de Türk­men-tä­jik işe­wür­lik mas­la­ha­ty, işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň bi­rin­ji mej­li­si hem-de iki ýur­duň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki ser­gi­si ge­çi­ril­di. Bu çä­re­ler Türk­me­nis­ta­nyň we Tä­ji­gis­ta­nyň öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry­ny has-da gi­ňelt­mä­ge ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Dü­zü­mi ýur­du­my­zyň dür­li mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, ylym ul­ga­my­nyň hem-de işe­wür­ler dü­zü­mi­niň ýol­baş­çy­la­ryn­dan yba­rat bo­lan türk­men we­ki­li­ýe­ti Du­şen­be şä­he­ri­nde boldular. Iş me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, çä­re­ler il­ki bi­len, Tä­ji­gis­ta­nyň Mil­li ki­tap­ha­na­sy­nyň bi­na­syn­da gu­ra­lan Tä­ji­gis­ta­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si bi­len ta­nyş­mak­dan baş­lan­dy. Ser­gi hyz­mat­daş ýur­duň soň­ky ýyl­lar­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni be­ýan et­di.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm