Aşgabatda Demir ýollar hyzmatdaşlyk guramasynyň forumy geçirilýär

16 Maý 2023
282

15-nji maýda Aşgabatda «Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygyny işjeňleşdirmek we Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlaryny kämilleşdirmek» atly HÜN Ylalaşygyna gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň arasyndaky XXXIV mejlisi öz işine başlady. 

Bellenilişi ýaly, agzalan resminama halkara demir ýol üstaşyr ulgam boýunça ýükleri daşamak üçin bir bitewi düzgüni we nyrhy esaslandyran onlarça ýurtlaryň arasyndaky ylalaşyk bolup durýar.