Türkmenistanda halkara demir ýol gatnawlaryny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar

16 Maý 2023
348

Aşgabat, 15-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň bu Ylalaşygy işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan XXXIV mejlisi geçirildi. Bu resminama halkara demir ýol üstaşyr ulgamy boýunça ýükleri daşamak üçin bir bitewi düzgüni we nyrhy esaslandyran onlarça ýurduň arasyndaky ylalaşyk bolup durýar.

“Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen foruma Azerbaýjandan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Moldowadan, Çehiýadan, Täjigistandan, Russiýadan, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetinden, şeýle hem bu gurama goşulan kärhanalardan — “OTKL ERA” paýdarlar jemgyýetinden, “STM” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetden, “PLASKE” paýdarlar jemgyýetinden wekiller gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde degişli ulag agentlikleriniň we pudaklarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri bar.