Habarlar halkara giňişlikde

15 Maý 2023
298

Ynsanperwerlik kerweni Owganystana bardy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk owgan halkyna nobatdaky ynsanperwerlik kömegini bermek hakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, agramy 125 tonna barabar bolan derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary, azyk hem-de dokma önümleri ýüklenen ynsanperwerlik kerweni Türkmenistandan Owganystana baryp ýetdi. Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde gurlan çaga dogrulýan öýde bejeriş-maslahat beriş işlerini amala aşyrjak türkmen lukmanlary bolsa, şu gün — 15-nji maýda ýola düşerler.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».