"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Arkadag şäherinde halkara maýa goýum forumy geçiriler

30-njy iýunda Arkadag şäherinde ýerleşýän «Märkaw» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guramagynda «Arkadag — «akylly» şäher» atly halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu halkara foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan 200-den gowrak hususy kompaniýalaryň hem-de iri ugurdaş halkara guramalaryň, banklaryň wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Özbegistan — Türkmenistan — Eýran geçelgesiniň ösdürilmegi ylalaşyldy

Özbegistan bilen Eýran Özbegistan — Türkmenistan — Eýran üçtaraplaýyn multimodal ulag geçelgesini ösdürmek barada ylalaşyk gazandy. Bu ylalaşyklar Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Makhamow bilen Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Mehrdod Bazrpoşyň arasynda ýekşenbe güni Daşkentde geçirilen gepleşikleriň dowamynda gazanyldy.

Tejribe alyşdylar

21-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň wekilleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdiler. Duşuşykda taraplar daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda, harytlary toparlara bölüniş kodlarynyň ulgamyny işläp taýýarlamak babatda tejribe alyşdylar. Russiýaly gümrükçiler Federal gümrük gullugy tarapyndan ulanylýan daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy, harytlaryň toparlara bölüniş ulgamynyň işi, bu ugurda bellenen jogapkär düzüm birlikler we olaryň ýerine ýetirýän işleri barada gürrüň berdiler.

Germaniýada Türkmenistanyň işewürlik güni geçiriler

Türkmenistanyň işewürleri, ýurduň syýasy we ykdysady pudaklarynyň wekilleri 26-29-njy iýun aralygynda Germaniýada saparda bolup, olar 27-nji iýunda Dýusseldorf şäheriniň işewürler binasynda geçiriljek Türkmenistanyň işewürlik gününe gatnaşarlar. Bu forum nebit-himiýa, gurluşyk we dokma senagaty meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanar.

Söwda mümkinçilikleri giňeldiler

17-18-nji iýunda Eýranyň Maşat şäherinde ýerleşýän Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy edarasynda geçirilen «Eýranyň we Türkmenistanyň eksport we söwda mümkinçilikleri» atly maslahatynda Türkmenistanyň we Eýranyň telekeçileri özara söwda mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Iki gün dowam eden işewürlik maslahatyna Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri, Horasan Razawi welaýatynyň resmi wekilleri, eýran-türkmen bilelikdäki söwda edarasynyň başlygy Mohammed Nejad, Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, şeýle hem Eýranyň işewür we söwda guramalarynyň agzalary gatnaşdylar.

Sultan RAÝEW: «Türkmenistan Türki medeniýetiň ösmegine saldamly goşant goşýar»

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli 24 — 29-njy iýunda geçirilýän Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda dowam edýär. Bu gurama agza döwletlerden — Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkiýeden gelen medeniýet hem-de sungat ussatlary hepdeligiň meýilnamasyna girizilen medeni çärelere işjeň gatnaşýarlar. Biz hem halkara medeni forumyň dabaraly açylyşyna hormatly myhman hökmünde gatnaşan TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan RAÝEWE käbir sowallar bilen ýüzlendik. — Hormatly Sultan Raýew, sizi Aşgabatda hoş gördük! Sizi Türki medeniýetiň halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Gymmatly baýlygyň goragynda

Golaýda paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde «Sebitde suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak boýunça çäreler üçin maliýe we maýa goýum goldawy» atly maslahat geçirildi. Foruma Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Taslama hyzmatlary edarasynyň Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň müdiri, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň suw baýlyklary boýunça milli dialoglarynyň utgaşdyryjysy, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkeziniň müdiri, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik meseleler boýunça merkeziniň (CAREC) Ýerine ýetiriji direktory, Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkeziniň müdiri, German halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) wekilleri, suw baýlyklary we howanyň üýtgemegi boýunça alymlar hem-de hünärmenler gatnaşdylar.

Türkmenistan — TÜRKSOÝ: döredijilik hyzmatdaşlygy berkidilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen eziz Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. Il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli beýik işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda medeniýet ulgamyny hem ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda dürli medeni çäreleri, şol sanda bäsleşikleri, Medeniýet hepdeligini, şeýle hem dostlukly ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini, dürli ýurtlaryň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini, halkara festiwallary, maslahatlary geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şu günler ýurdumyzyň paýtagtynda Medeniýet hepdeliginiň üstünlikli dowam edýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr.

TÜRKMEN — EÝRAN DOSTLUGY: gadymy gatnaşyklaryň täze sahypasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli edýän tagallalary, işlemäge döredýän mümkinçilikleri tutumly işlerimiziň hemmesiniň rowaçlanmagyna ýardam berýär. Iş saparlary bilen daşary döwletlerde bolan wagtymyz muňa doly göz ýetirýäris. Şu ýylyň 30-31-nji maýynda Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar öňden gelýän dostlukly gatnaşyklarymyzyň berkemegine, netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine uly itergi beren ähmiýetli waka öwrüldi. Her gezek, nesip çekip, iş sapary bilen ýola düşenimizde, gaýry ýurda ilkinji gezek gidýän ýaly tolgundyryjy duýgyny başdan geçirýäris. Bu, belki, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň metbugat wekillerine bildirýän ynamlarynyň täsirinden döreýän bolmagy mümkin. Ynamyň güýji her bir ynsany uly jogapkärçilige borçly edýär. Şol bildirilýän ynamy ýerine salmak bolsa biziň Watanyň öňündäki bergimizdir. Şu gezek hem şeýle boldy. Iş saparyň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň ýanynda bolan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň medeni maksatnama esasynda baryp, gören, tanşan ýerlerinde ýanynda habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň bolmagy, bizi hem tolgundyran, hem buýsandyran waka boldy. Mähriban zenanyň her bir edaly hereketi nusgalyk görelde bolup, gaýry ýurtda: «Ynha, türkmen zenanlarynyň edebi, edasy, paýhasy, pikir

Türkmenistan — TÜRKSOÝ: köpöwüşginli baýramçylyk ruhy

Şu gün Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi açylýar. Bu medeni forum Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Halkara çäräniň ýurdumyzda dowam edýän Medeniýet hepdeligi bilen utgaşykly guralmagynda aýratyn many-mazmun bar. Çünki Türkmenistan TÜRKSOÝ guramasy, türki dünýäniň ýurtlary bilen gatnaşyklary, şol sanda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýär, üstesine, bu ýurtlary gadymy dost-doganlyk ýörelgeleri, taryhy-medeni kökler, hoşniýetli däpler birleşdirýär. Türki döwletleriň 24 — 29-njy iýun aralygynda paýtagtymyzda geçirilmegi bellenen Medeniýet hepdeliginiň meýilnamasy uly we baý çäreleri göz öňünde tutýar. Çäreler köpöwüşginli baýramçylyk ruhuny wada berýär. Olara Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýeri bolar. Soňra hepdelik paýtagtymyzyň köp sanly medeni ojaklarynda, hususan-da, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde we elbetde, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dowam eder.

Zenanlar dialogy: dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan sebit we dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklaryny yzygiderli işjeňleşdirýär. Dostluk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň işi-de netijeliligi, yzygiderliligi bilen öz ornuny pugtalandyrýar. 2020-nji ýylda Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň hem-de Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan BMG-niň goldamagynda döredilen zenanlaryň dialogy sebitiň taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir. Ol sebitde gender deňligini üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň has netijeli bolmagyna uly itergi berýär. Gender deňligini üpjün etmek, ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek Durnukly ösüş maksatlarynyň 17 ugrunyň biridir. 2021-nji ýylda bu möhüm düzümiň işine Özbegistan Respublikasy, 2022-nji ýylda Türkmenistan döwletimiz ýolbaşçylyk edipdi. 2023-nji ýylda onuň işine başlyklyk etmek Gazagystan Respublikasynyň paýyna düşdi.

Türkmenistan — Fransiýa: netijeli gatnaşyklar berkidilýär

19-njy iýunda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleni kabul etdi. Ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz döwletara hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, dostluk, düşünişmek esasynda yzygiderli giňeldilýändigini nygtady.

Magtymgulynyň eserleri — umumadamzat mirasy

20-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» iki jiltlik ýygyndysynyň sowgat hökmünde gelip gowuşmagyna bagyşlandy. Soňky ýyllarda medeniýet we bilim ulgamlarynda türkmen-eýran gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykdy. Şunda ýurdumyzyň we Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetleriniň gatnaşmaklarynda halkara maslahatlar, forumlar yzygiderli geçirilýär. Özara Medeniýet günleriniň, amaly-haşam sungatynyň sergileriniň, beýleki bilelikdäki çäreleriň guralmagy hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär. «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» iki jiltlik ýygyndysynyň ýurdumyza gelip gowuşmagy bu ugur boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini görkezýär. Munuň özi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemäge taýýarlyk görülýän döwründe aýratyn ähmiýetlidir.

Türkmen-eýran gatnaşyklary pugtalandyrylýar

20-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» iki jiltlik ýygyndysynyň sowgat hökmünde gelip gowuşmagyna bagyşlandy. Maslahata Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary we alymlary, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdy.

Parlamentara hyzmatdaşlygy

19-njy iýunda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tomaş Zdehowskiý bilen duşuşdy. Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm gural bolup hyzmat edýän parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistanyň ilçisi bilen Hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasynyň guramagynda we «Huahe International Business Consultancy» kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Inhe Pekin» adwokat kompaniýasynda Türkmenistanyň ilçisiniň we hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy we Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny mahabatlandyryş ýöriteleşdirilen çäresi geçirildi. Duşuşyga «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-nyň (TULM) Pekindäki wekilhanasynyň hem-de Hytaýyň ulag-logistika edaralarydyr kompaniýalarynyň, kommunikasiýa we ulag assosiasiýasynyň, Hytaý-ŞHG synag zolagynyň hem-de Hytaý demirýollary müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistan — Ermenistan: ulag-logistika meselelerine seredildi

21-nji iýunda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Andranik Aleksanýan hem-de bu edaranyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy. Onda Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri ulag-logistika meseleleriniň, hususan hem, Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň ermeni ýük daşaýjylary tarapyndan ulanylmagynyň aýratyn möhümdigini bellediler. Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistan — Wengriýa: hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlenildi

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň has işjeňleşen döwründe Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň ýurdumyzda resmi saparda bolmagy döwletimiziň abraýynyň belende galýandygynyň we durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasydyr. 9-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen duşuşyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Bu hyzmatdaşlyk ägirt uly kuwwata eýedir. Taraplar şol mümkinçilikleri öz halklarynyň bähbidine ulanmagy göz öňünde tutýarlar. 9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynda belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Premýer-ministr Wiktor Orbanyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji saparynyň netijeli geçjekdigine hem-de özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça köptaraply döwletara gatnaşyklary ösdürmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Koreýanyň deňiz enjamlaşdyryş assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygy giňelder

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary bilen Koreýa Respublikasynyň deňiz enjamlaşdyryş assosiasiýasynyň sebitleýin wekili (KOMEA) Kang Nam Ýonyň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar gämigurluşyk, milli deňiz flotyny we port infrastrukturalaryny döwrebaplaşdyrmakda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada «Orient» habar berdi. KOMEA-nyň wekili türkmen kärdeşlerini gämigurluşyk pudagynda özara hyzmatdaşlygy, hünärmenleri taýýarlamak we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ugurlarynda bar bolan mümkinçilikler bilen tanyşdyrdy.

Habarlar halkara giňişlikde

Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçirilen çärelere gatnaşdy Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde Terrorçylyga garşy ýokary derejeli hepdeligiň çäginde geçirilen çärelere gatnaşdy. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň terrorçylyga garşy göreş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisinde eden çykyşynda W.Hajiýew Merkezi Aziýada BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy göreş strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin täzelenen Hereketleriň meýilnamasynyň mehanizmini güýçlendirmegiň we Duşenbe prosesiniň çäginde sebit ýurtlarynyň tagallalaryny dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.